Sy­nag mak­sat­ly dört aýak­ly ro­bot­la­ry iş­läp düz­me­gi bi­len ta­nal­ýan “Bos­ton Dy­na­mics” bu en­jam­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi­ni ýo­la go­ýar. “Spot­Mi­ni” at­ly ite meň­zeş ki­çi­jik ro­bot in­di­ki ýy­lyň iýu­lyn­dan baş­lap, müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­ler. Çe­ýe ro­bot­dan her ýyl­da müň sanysy ön­dü­ri­ler. Şe­re­ke­tiň esas­lan­dy­ry­jy­sy Mark Raý­bert ro­bo­tyň ula­nyş çyg­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi üçin sy­nag ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär. “Spot­Mi­ni” gur­lu­şyk ha­ryt­la­rynyň da­şal­ma­gy, howp­suz­lyk we öý iş­le­rin­de peý­da­la­ny­lar. Hä­zi­re çen­li şe­re­ke­tiň ro­bot­la­ry hemişelik tok çeş­me­si­ne bag­ly ýag­daý­da iş­le­ýär­di. “Spot­Mi­ni” bol­sa, sa­tu­wa taý­ýar önüm ýa­ly tä­sir gal­dy­ry­jy daş­ky gör­nü­şe eýe. Be­ýik­li­gi 90 sm-e we ag­ra­my 25 kg-a ba­ra­bar bo­lan ro­bot has uly ro­bot­la­ryň gi­rip bil­me­jek ýe­ri­ne ba­ryp bil­ýär. Onuň uza­lyp bil­ýän go­ly ada­ty ýag­daý­da itiň kel­le­si­niň bol­ma­ly ýe­ri­ne goý­lup­dyr. Ro­bot go­ly bi­len ga­py­ny açyp, köp za­dy tu­tup bil­ýär.