Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginde sambo boýunça Aziýanyň çempionaty tamamlandy. Çempionat 17 ýurtdan 400 töweregi türgeni özünde jemledi. Ildeşlerimiz altyn medallaryň 21-sini gazanyp, umumy toparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler! Türkmenistanyň toparynyň ähli gazanan medallary 66-a deň boldy. Olaryň arasynda altyn medallardan başga-da 26 kümüş hem-de 19 bürünç medal bar. Ajaýyp üstünlik!
Çempionatda türgenler Iki görnüş boýunça—sport we söweş sambosy boýunça, ýaşlar we ýetginjekler toparlarynda, erkekleriň we zenanlaryň arasynda bäsleşdiler. Ýaryşyň ahyrky güni türkmen türgenleri 21 medal gazanyp, ýurdumyzyň sport üstünliklerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Baýraklaryň 8-si altyn, 8-si kümüş we 5-si bürünç medallardyr.
Sport sambosy boýunça erkekleriň arasynda 52 kilograma çenli agram derejesindäki pälwanlaryň final tutluşygy tomaşaçylaryň hasam ýadynda galdy. Onda Türkmenistanyň toparyndan Begli Meretgeldiýew bilen Belek Barakanow (Gyrgyzystan) duşuşdylar. Ildeşimiz tutluşygy ýanbaş emelini ulanyp, garşydaşynyň ýagyrnysyny ýere degirmek bilen möhletinden öň, öz peýdasyna tamamlamagy başardy.
Sport sambosy boýunça 82 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, özbegistanly Farruh Jumaýewiň garşysyna möhletinden öň 11:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazanan türkmenistanly türgen Tejen Tejenowyň dürs hereketlerini hem sport söýüjiler entek-entekler ýatlarlar.
Bu geçen Aziýa çempionatynyň netijesinde, türkmen samboçylary häzirki wagtda yklymda öňdebaryjylar bolup durýarlar.
Ikinji orny 55 medal (20 altyn) gazanan Özbegistanyň, üçünji orny bolsa 43 medal (20 altyn) gazanan Gazagystanyň ýygyndy toparlary eýelediler.
Aziýanyň çempionaty Aziada-2017-de işlejek meýletinçilerimiz üçin hem oňat iş sapagy boldy. Meýletinçilerimiziň öňünde ýene bir möhüm sport forumy—Braziliýada geçjek Olimpiýa oýunlary bar. Olar ol ýerde özleriniň iş endiklerini hasam ýokarlandyrarlar.