Uk­ra­in ýa­zy­jy ze­na­ny Tan­ýa Mal­ýar­çuk ab­raý­ly ede­bi­ýat baý­ra­gy In­ge­borg Bah­man baýragynyň eýe­si bol­dy. Ol “De­ňiz­dä­ki gur­ba­ga” ro­ma­nyn­da adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň çyn­la­kaý me­se­le­le­ri­ni goz­ga­ýar. Go­laý­da 25 müň ýew­ro möç­be­rin­dä­ki baý­rak ne­mes ede­bi­ýa­ty­na ba­gyş­la­nan bäs­le­şik­de Awst­ri­ýa­nyň Kla­gen­furt şä­he­rin­de Tan­ýa Mal­ýar­çu­ga gow­şu­ryl­dy. Bu bäsleşikde aw­tor­lar ne­mes di­lin­dä­ki tä­ze eser­le­ri­ni hö­dür­le­di­ler. Mal­ýar­çuk “De­ňiz­dä­ki gur­ba­ga” at­ly ese­rin­de ýaş ne­sil­le­riň gar­ta­şan do­­gan-ga­ryn­daş­la­ry­na gy­zyk­lan­ma­sy­ny ýi­ti­ren­di­gi, şeý­le hem, jem­gy­ýet­de ýüze çykýan käbir nog­san­lyk­lar ba­ra­da wa­jyp me­se­le­le­ri or­ta at­ýar. Tan­ýa Mal­ýar­çuk 1983-nji ýyl­da Uk­rai­na­nyň Iwa­no-Fran­kowsk şä­he­rin­de do­gul­ýar. Onuň eser­le­ri iň­lis, be­lo­rus, ne­mes, pol­ýak, ru­myn, rus we çeh dil­le­ri­ne ter­ji­me edil­ýär. Ýa­zy­jy 2011-nji ýyl­dan bä­ri We­na­da ýa­şa­ýar. Ýa­zy­jy­lar In­ge­borg Bah­man adyn­da­ky baý­rak bi­len 1977-nji ýyl­dan bä­ri sy­lag­la­n­ýar. Baý­rak ýa­zy­jy ze­nan Ingeborg Bah­ma­nyň (1926-1973) dog­lan ýe­ri Awst­ri­ýa­nyň Kla­gen­furt şä­he­rin­de esas­lan­dy­ryl­ýar.