ABŞ-nyň ozal­ky Pre­zi­dent­le­ri­niň bi­ri Bill Klin­to­nyň meş­hur ýa­zy­jy Jeýms Pat­ter­son bi­len aw­tor­daş­lyk­da ne­şir et­di­ren tä­ze ro­ma­nyn­da özü­niň baş­dan ge­çi­ren wa­ka­la­ry ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da “The Pre­si­dent” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu ro­man esasynda te­le­se­ri­al su­ra­ta dü­şü­ril­ýär.
– Men tril­ler­le­ri we 1980-nji ýyl­lar­dan aňyr­da­ky ýi­ti maz­mun­ly ro­man­la­ry ju­da köp oka­ýa­ryn. Ýa­ňy ýa­kyn­da bol­sa, Jeý­son Mett­ýu­syň “Gy­zyl ser­çe” tri­lo­gi­ýa­sy­nyň üçün­ji ki­ta­by­ny okap gu­tar­dym – di­ýip, ABŞ-nyň ozal­ky Pre­zi­den­ti Bill Klin­ton “BBC” bi­len bo­lan gür­rüň­deş­li­gin­de aýt­dy. Şeý­le hem ol Pat­ter­so­nyň muş­da­gy­dy­gy­ny we onuň psi­ho­log-de­tek­tiw Aleks Kross ba­ra­da­ky 25 ki­ta­by­ny okap çy­kan­dy­gy­ny gür­rüň ber­di.
1992-nji ýyl­da Pre­zi­dent­li­ge saý­la­nan we iki möh­let bi­len bu we­zi­pe­de iş­län Bill Klin­ton eý­ýäm şol dö­wür­ler­de ki­tap ýaz­ma­gy ýü­re­gin­de bes­län­di­gi­ni gür­rüň ber­di. Bill Klin­ton mun­dan ozal hem dört ki­tap ýa­zyp, ola­ryň iň köp sa­ty­la­ny “Me­niň dur­mu­şym” at­ly ese­ri­dir.