“Nokia” hem-de “T-Mobile” kompaniýalarynyň arasynda 5G tehnologiýasyny işläp düzmek üçin 3,5 milliard dollarlyk şertnama gol çekildi. Finlýandiýanyň el telefonyny öndürijisi “Nokia” bilen nemes telekommunikasiýa kompaniýasy “T-Mobile” aragatnaşygyň has ösen ulgamynyň ABŞ-nyň çäklerinde ýerleşdirilmegini çaltlandyrar. Kompaniýalar has çalt geçirijiligi bolan internet we aragatnaşyk hyzmatlaryny ilkinjileriň hatarynda öz müşderilerine ýetirer. “T-Mobile” kompaniýasynyň Tehnologiýa dolandyryjysy Newille Raý 5G-ni kämilleşdirmek üçin tagalla edýändiklerini aýdýar. “Nokia”-nyň müşderilere jogap berýän ýolbaşçysy Aşiş Çowdry iki firmanyň hem soňky ýyllarda tehnologiýa babatda öňegidişlikler gazanandygyny aýdyp, indi 5G-niň täjirçilik maksatly ulanylyp bilinjekdigine ünsi çekdi. Metbugata berlen beýanatdan soňra Nýu-Ýork biržasynda “T-Mobile”-yň paýnamasynyň bahasy 1,9% ýokarlanyp, 60,74 dollara, “Nokia”-nyň paýnamasynyň bahasy 3,5 % artyp, 5,59 dollara ýetdi. ABŞ-da iş alyp barýan mobil kompaniýalaryň arasynda üçünji ýerde durýan “T-Mobile” şu ýylyň aprelinde bäsdeşi “Sprint” bilen birleşmek babatda ylalaşandyklaryny mälim edipdi.
Kompaniýalar birleşenlerinden soňra dörejek täze kompaniýanyň 42 %-ine “Deutsche Telekom”-yň, 27 %-ine “SoftBank”-yň eýeçilik etjekdigi, 31 % paýnamasynyň bolsa birža arkaly satyljakdygy mälim edildi.