Kosmos pudagyndaky ösüşi barha ýokarlanýan Hytaý “Beidou-3” (Demirgazyk ýyldyzy) seriýasyna degişli iki sany emeli hemrany uçurdy. Hytaýyň Merkezi Teleýaýlymynyň (CCTV) habaryna görä, ýurduň Syçuan welaýatyndaky kosmodromdan “Long March-3B” roketasy arkaly uçurylan hemralar 3 sagatdan soňra orbita ýerleşdi. Täze uçurylan enjamlar “Beidou” nawigasiýa hemralarynyň 33-nji we 34-njisidigi mälim edildi. Olar käbir synagdan soňra işe giriziler. Şeýle hem şu ýylyň ahyryna çenli kosmosa uçuryljak nawigasiýa emeli hemralary bilen orbitadaky “Beidou-3” seriýasyna degişli hemralaryň sanynyň 18-e ýetjekdigi mälim edildi. “Beidou nawigasiýa Hemra Ulgamynyň” çägi 2000-nji ýylda Hytaýy, 2012-nji ýylda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitini hyzmat ediş çägine girizipdi. Hytaýyň “Beidou” nawigasiýa ulgamy tamamlananda, ABŞ-nyň GPS (Global Nawigasiýa Ulgamy), Ýewropa Bileleşiginiň “Galileo” we Russiýanyň “Glonass” (Global Nawigasiýa Hemra Ulgamy) ulgamyndan soňra Ýer ýüzüniň çäginde hyzmat edýän dördünji global nawigasiýa ulgamy bolar. Hytaý bu maksatnamasyny 2020-nji ýyla çenli tamamlamagy maksat edinýär.