Ýurdumyzda giňden durmuşa geçirilýän milli özgertmeleriň netijesinde, ähli ugurlarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda hem ägirt uly ösüşler gazanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary milli sungatymyzyň derejesini belende göterip, dünýäniň dürli ýurtlarynda üstünlikli çykyş edýärler we türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, özboluşly däp-dessurlarynyň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegine mynasyp goşant goşýarlar.
Döwlet Baştutanymyz milli taryhy-medeni mirasymyzy wagyz etmek, halkara derejesindäki medeni çäreleri taýýarlamak we geçirmek, aýratyn-da, 2018-nji ýylda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Ýurdumyzda şanly seneler we dynç günleri mynasybetli geçirilýän çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, bu wakalaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuna, Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan döredijilikli özgertmeleriň hem-de ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikleriň derejesine laýyk gelmegi ugrunda ähli tagallalar edilýär.
Bellenilişi ýaly, geçirilýän medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, dabaralaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelmegini, olaryň ýurdumyzyň täze taryhynyň möhüm wakasyna öwrülmegini şertlendirýär. Munuň özi, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip, yglan edilen şu ýylyň dowamynda guralýan medeni köpçülikleýin çärelerinde has-da äşgär duýulýar.
Aýratyn-da, milli sungatyň pajarlamagy, täze zehinleriň döremegi ugrunda geçirilýän festiwallar, döredijilik bäsleşikleri özüniň oňyn netijesini berýär. Ýurdumyzda “Ýüpek ýoly – ýürek ýoly” ady bilen teatr festiwalynyň geçirilmegi, onda dürli ugurlar boýunça has tapawutlanan sungat işgärleriniň, sahna eserleriniň seçilip alynmagy bu ugurda maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.
Şeýle hem Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda “Küştdepdi – dünýä medeniýetiniň gymmatlygy” ady bilen döredijilik festiwalynyň geçirilmegi ýurdumyzda halk sungatyna we milli döredijilige aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Munuň özi halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy bilen bir hatarda milli mirasymyzyň ösdürilmeginde, onuň geljek nesillere ýetirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap binalaryň açylyş dabaralary mynasybetli guralýan çärelerde hem-de beýleki dabaralarda medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlaryna uly orun berilýär. Olarda sungat ussatlary özleriniň şowhunly çykyşlary bilen medeni çäreleriň dabarasyny artdyrýarlar we halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyny şertlendirýärler.
Mundan başga-da, gysga döwrüň içinde durky doly täzelenen we täzeden gurlan kinokonsert merkezleri paýtagtymyzyň ilatynyň we onuň myhmanlarynyň höwes bilen gelip, ýokary derejede dynç alýan hem-de wagtlaryny hoş geçirýän söýgüli künjeklerine öwrüldi. Esasan-da, dynç günlerinde, şeýle hem baýramçylyk mynasybetli guralýan medeni çärelerde bu ýerleri has-da köp adamly bolýar. Milletiň baý ruhy gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan şanly baýramlarymyz häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dabaralandyrylýar.
Işjeň medeni gatnaşyklar, medeniýet günleri, sungat, döredijilik festiwallary we medeni alyşmalar milli mirasymyzy, gazanýan üstünliklerimizi bütin dünýäde wagyz etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde medeniýet ulgamynda işjeň çäreler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan medeniýet we sungat ulgamynda dynç günleri, şanly seneler mynasybetli ýörite maksatnama esasynda giň möçberli işler ýaýbaňlandyrylýar.
Bu bolsa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda, medeniýet, sungat ugurlarynda gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen beýik işleriň bitirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Munuň özi medeniýet we sungat ussatlarynyň, aýdym-saz, tans we folklor toparlarynyň guraýan çykyşlarynyň baýramçylyk çäreleri bilen utgaşýandygyny alamatlandyrýar.
Gözel Aýnazarowa,
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
kafedra müdiri.