Golaýda Merkezi Garagumuň jümmüşindäki obalaryň ýene birinde – Ak bugdaý etrabynyň Ýerbent obasynda Aziada 2017 mynasybetli geçirilýän atly ýörişe gatnaşyjylary dabaraly garşylamak çäresi boldy. Giň çöl sährasyndaky dabaranyň Türkmen halysynyň baýramyna gabat gelmegi bu çärä ajaýyp öwüşgin berdi. Dabara gatnaşmaga ýaşulular, kümüş saçly mährem eneler, ýaşlar, çeper elli halyçy gelin-gyzlar, edara-kärhanalaryň zähmetkeşleri ýygnandylar.
Aýdym-sazlaryň joşgunly owazlary, şirin mukamlary ir säherden baýramçylyk lybasyny geýnen giň sährany alaýaza öwürdi.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny, Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny göterip, atly ýörişiň öňüni çekip gelýän atly ýigitler bellenen ýerde türkmeniň myhmansöýerlik däbine eýerilip, duz-çörek bilen garşylandy. Salamlaşylyp, saglyk-amanlyk soraşylandan soňra, ýaşuly nesliň baş bolmagynda atly ýörişe gatnaşyjylar gadymy türkmen obasyny alamatlandyrýan ýerdäki tomaşalary synladylar. Atly ýörişe gatnaşyjylar ol ýerdäki tomaşalara çäksiz gyzyklanma bilen syn etdiler.
Ozal habar berlişi ýaly, bu atly topar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli gadymy Nusaý galasyndan badalga alypdy. Atly topar ýörişini dowam etdirýär.