Eger tom­suň il­kin­ji gü­ni bi­ze Gü­nüň ýa­kym­ly şöh­le­le­ri­ni peş­geş be­ren bol­sa, bu gün bi­ze iki es­se şat­lyk eçil­ýär. Çün­ki bu gün dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ryn­da di­ýen ýa­ly Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­ni bel­le­ni­lip ge­çilýär. 1-nji iýun – ça­ga­lar üçin di­ňe bir şat­lyk­ly baý­ram­çy­lyk­la­ryň bi­ri bol­man, eý­sem, ça­ga­la­ryň he­mi­şe go­ra­ga, ala­da mä­täç­di­gi we ulu­la­ryň olar ba­ra­da jo­gap­kär­çi­lik duý­ma­ly­dy­gy­ny ýat­lad­ýan se­ne­le­riň bi­ri­dir.
Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­nü­niň (In­ter­na­tio­nal Child­ren’s Day) baý­ram­çy­ly­gy Aýal­la­ryň hal­ka­ra de­mok­ra­ti­k fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ge­ňeş­li­gi­niň ses­si­ýa­sy­nyň ka­ra­ry esa­syn­da 1949-njy ýy­lyň no­ýab­ryn­da esas­lan­dy­ry­lyp, her ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­da bel­le­nip ge­çil­ýär. Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­ni il­kin­ji ge­zek 1950-nji ýyl­da dün­ýä­niň 51 ýur­dun­da bel­le­nip ge­çil­ýär.
1959-njy ýy­lyň 20-nji no­ýab­ryn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry ha­kyn­da­ky Dek­le­ra­si­ýa­ny, 30 ýyl­dan soň – 1989-njy ýyl­da bol­sa, dün­ýä­niň 61 döw­le­ti­niň gol çe­ken ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa­ny ka­bul et­di. Şu gün­ki gün­de dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da şat­ly­gyň we bagt­ly ça­ga­ly­gyň bu baý­ra­my bel­le­nip ge­çil­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si­ne 1924-nji ýyl­da ka­bul edi­len Že­ne­wa dek­la­ra­si­ýa­sy se­bäp bo­lup, şon­da il­kin­ji ge­zek ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň so­si­al go­ra­gy ha­kyn­da­ky me­se­le goz­gal­ýar.
Ça­ga­la­ryň hal­ka­ra gü­nü­ne ba­gyş­la­nan baý­da­gy hem bar. On­da ýa­şyl reň­kiň sa­ýa­syn­da Ýer to­ga­la­gy şe­kil­len­di­ri­lip, onuň tö­we­re­gin­de ça­ga­la­ryň el-ele be­rip du­ran gör­nüş­le­ri­ni ala­mat­lan­dyr­ýan dür­li reňk­dä­ki şe­kil­jik­ler su­rat­lan­dy­ry­lyp­dyr. Her ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­da ge­çi­ril­ýän baý­ram­çy­lyk – bu Ýer to­ga­la­gy­nyň äh­li adam­la­ry­na ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny unut­ma­ly däl­di­gi ba­ra­da­ky ça­gy­ryş bo­lup ýaň­lan­ýar. Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­ni, ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga, ter­bi­ýe­si­niň hem-de bi­li­mi­niň be­ril­me­gi­ne dün­ýä jem­gy­ýet­çi­liginiň ün­sü­ni gö­nük­dir­mek­dir.
Ça­ga­lyk – ol bi­ziň köp­le­ri­miz üçin iň bagt­ly gün­le­ri­miz bo­lup, ça­ga­lyk we ýaş­lyk ýyl­la­ry­myz ýa­dy­my­za dü­şen­de bi­zi mä­hir­li duý­gu­lar gur­şap al­ýar. Şo­nuň üçin goý bi­ziň döw­rü­mi­ziň ça­ga­la­rynyň ýe­ne-de bir­nä­çe ýyl­dan ça­ga­lyk ýyl­la­ry­ny mä­hir we söý­gi bi­len ýat­la­ma­gy üçin äh­li ta­gal­la­la­ry­my­zy gaý­gyr­ma­lyň.