Hormatly Prezidentimiz ýaş türk­me­­nis­tan­ly­la­ryň aba­dan we bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek, ola­ryň ze­hin ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­mek ug­run­da yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry ed­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýolbaşçylygynda ýaş nes­li my­na­syp de­re­je­de ter­bi­ýe­le­mek mö­hüm me­seleleriň birine öwrüldi. Bu babatda-da uly we giň gerimli işler alnyp barylýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len 1-nji iýun­da tu­tuş dün­ýä­de bel­le­nip ge­çil­ýän Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­ni bi­ziň ýur­du­myz­da-da giň ge­rim­de bel­len­ýär. Hem­mä­mi­ze mä­lim bol­şy ýa­ly, 1-nji iýun hem tom­suň il­kin­ji gü­ni, hem-de bagt­ly ça­ga­la­ryň mek­dep­ler­de alan 1 ýyl­lyk yl­my­ny-bi­li­mi­ni öz­leş­dir­mek üçin 3 aý­lyk to­mus­ky dynç al­şa çyk­ýan gün­le­ri­niň baş­lan­gy­jy­dyr. Ýur­du­myz­da ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ryň döw­re­bap de­re­je­de dynç al­mak­la­ry üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di we dö­re­dil­megi do­wam et­di­ril­ýär. Go­laý­da, mil­li Li­de­ri­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da ulan­ma­ga ber­len tä­ze 300 orun­lyk “Dür­dä­ne” sa­gal­dyş mer­ke­zi kör­pe türk­me­nis­tan­ly­la­ra no­bat­da­ky aja­ýyp sow­gat bol­dy.
Mun­dan baş­ga-da, olar üçin Aş­ga­ba­dyň gü­nor­ta kün­je­gin­dä­ki Kö­pet­da­gyň gö­zel ýer­le­rin­de ýer­leş­ýän Gök­de­re­de we Ha­za­ryň ke­na­ryn­da­ky «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da, şeý­le hem ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­dä­ki ça­ga­lar sa­gal­dyş mer­kez­le­ri taý­ýar edil­di. 2-nji iýun­da ola­ryň ba­ry ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ry ka­bul edip baş­la­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz ýaş­la­ryň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­ni gy­zyk­ly ge­çir­mek­le­ri üçin yzy­gi­der­li ala­da ed­ýär. Ça­ga­lar sa­gal­dyş, dynç alyş mer­kez­le­rin­de komp­ýu­ter bo­ýun­ça, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mek, çe­per bäs­le­şik­le­ri, dö­re­di­ji­lik we sport ýa­ryş­la­ry­ny gu­ra­mak ba­bat­da bir­nä­çe gur­nak­lar he­re­ket ed­ýär. Olar­da ça­ga­la­ryň wag­ty­ny gy­zyk­ly ge­çir­mek­le­ri üçin dür­li me­de­ni çä­re­ler ge­çi­ril­ýär.
Şu ýyl­ky to­mus­ky dynç alyş möw­sü­min­de 14 sany ça­ga­lar sa­gal­dyş mer­ke­zi ýer­leş­ýän Gök­de­re­de dynç alyş möw­sü­mi­niň bi­rin­ji bö­lü­min­de mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň 7 müň­den gow­ra­gy bo­lar­lar. «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da bol­sa 1780-den gow­rak ça­ga dynç alar. Mun­dan baş­ga-da, tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça dynç alyş meý­dan­ça­la­ry­nyň 700-den gow­ra­gy he­re­ket eder.
Ýur­du­myz­da maş­ga­la, ene-ata, ça­ga­lar ha­kyn­da ala­da ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty yk­dy­sa­dy mil­li stra­te­gi­ýa bi­len aý­ryl­maz bag­ly­dyr. Ça­ga­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, sag­dyn ýe­tiş­me­gi ug­run­da köp ala­da edil­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ýur­du­myz­da mek­dep ga­py­syn­dan il­kin­ji ät­län okuw­çy­la­ra hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň esa­sy­ny düz­ýän komp­ýu­ter­le­riň sow­gat be­ril­me­gi, ýaş nes­liň dün­ýä bi­len aýak­daş gi­dip, hä­zir­ki za­man ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ryn­dan baş çy­kar­mak uky­by­ny ös­dür­mä­ge uly müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Şo­nuň üçin ýur­du­myz­da gu­rul­ýan mek­dep­dir ça­ga­lar ba­gy hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry bi­len do­ly en­jam­laş­dy­ry­lyp, in­ter­net ul­ga­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den-de peý­da­lan­ma­ga şert dö­re­dil­ýär.
Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­myz­da ýaş nes­liň sag­dyn ýe­tiş­me­gi üçin hem uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň dür­li se­bit­le­rin­de gur­lan “Ene mäh­ri” döw­re­bap luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri bu gün ila­ta luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, maş­ga­la­ny me­ýil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len bar­lag­la­ry ge­çir­ýän iri yl­my mer­kez­le­ri hem bo­lup dur­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ra iş­jeň gat­naş­ýan iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, şol san­da ÝU­NI­SEF Türk­me­nis­ta­nyň esa­sy hyz­mat­da­şy bo­lup dur­ýar.

Döw­le­ti­miz­de ila­tyň has ejiz gat­lak­la­ry­na, şol san­da müm­kin­çi­lik­le­ri çäk­li bo­lan ça­ga­la­ra döw­let ta­ra­pyn­dan gol­daw be­ril­ýär. Ol hu­kuk ke­pil­lik­le­ri­niň, mak­sa­da gö­nük­di­ri­len yk­dy­sa­dy we dur­muş çä­re­le­ri­niň top­lu­my­ny göz öňün­de tut­ýar. Ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny we ka­nu­ny bäh­bit­le­ri­ni üp­jün et­mek ba­bat­da-da de­giş­li ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry yzy­gi­der­li ka­bul berilýär. Şo­la­ryň esa­syn­da ola­ra dür­li kö­mek­ler edil­ýär, ýe­ňil­lik­ler dö­re­dil­ýär we ola­ryň wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­len­me­gi ug­run­da ala­da edil­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz di­ňe bi­ziň hem­mä­mi­ziň, tu­tuş jem­gy­ýet bo­lup, ça­ga­la­ra şat­lyk paý­lap we ola­ry ar­zy­ly mak­sat­la­ry­na ýe­ti­rip bil­jek­di­gi­mi­zi, ola­ryň äh­li­si­niň öz­le­ri­niň yg­ty­bar­ly go­rag­ly­ly­gy­ny hem-de bi­ziň jem­gy­ýe­ti­mi­ze ze­rur şah­sy­ýet­ler­dik­le­ri­ni her ädim­de duý­ma­ly­dyk­la­ry­ny nyg­ta­ýar. Ýur­du­myz­da hä­zir­ki wagt­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, ça­ga­la­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ke­ma­la gel­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir, se­bä­bi ça­ga­lar – bi­ziň Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi­dir.

Zaman-Türkmenistan