Aý di­ňe gi­je­si­ne däl, kä­ma­hal gün­di­zi­ne hem peý­da bol­ýar. Gü­nüň bat­ma­gy bi­len as­man­da pat­ra­şyp gö­rün­ýän ýyl­dyz­lar hem gün­di­zi­ne gö­rün­me­se-de, şol du­ran ýe­rin­de dur­ýar. Em­ma Gü­nüň at­mos­fe­ra­my­za düş­ýän ýag­ty­ly­gy ýyl­dyz­la­ry we beý­le­ki as­man ji­sim­le­ri­ni gör­me­gi­mi­ze päs­gel ber­ýär. Ýer to­ga­la­gy­ny gur­şap al­ýan at­mos­fe­ra bol­ma­sa, as­man gün­di­zi­ne hem ga­raň­ky bo­lar­dy, Aýy we ýyl­dyz­la­ry he­mi­şe gö­rüp bo­lar­dy.
Aý ýe­re has ýa­kyn bo­lan­soň, on­dan bir­nä­çe müň es­se uly bo­lan ýyl­dyz­lar­dan uly gö­rün­ýär. Eger dur­ýan ýe­ri­ne gö­rä, Gün­den ýe­ter­lik de­re­je­de ýag­ty­lyk düş­se, Aý gün­di­zi­ne hem bi­ze gö­rün­ýär. Aýyň ýü­zü­niň şöh­lä­ni ser­pik­dir­ýän hä­si­ýe­ti bar. Onuň ýü­zi go­ýy reňk­li, em­ma gap-ga­ra däl. As­ma­na se­re­de­ni­miz­de, Ýe­riň ýe­ke-täk hem­ra­sy­nyň Gün­den alyp, ser­pik­dir­ýän şöh­le­le­ri­ni gör­ýä­ris. Ol Gün ýa­ly ýag­ty­lyk ber­me­se-de iň ýag­ty ýyl­dyz­dan 100 müň es­se köp ýag­ty­lyk ber­ýär. Gün­di­zki ýag­ty­lyk ýyl­dy­zyň şöh­le­si­ni gör­kez­me­ýär. As­man ji­sim­le­ri­niň ara­syn­da ho­wa ýag­da­ýy go­wy bol­sa, kä­ha­lat­da gün­di­zi­ne We­ne­ra pla­ne­ta­sy­ny (Zöh­re ýyl­dy­zy) hem gö­rüp bol­ýar.
Mu­ny has aý­dyň­laş­dyr­mak üçin Gü­ni çy­ra, Aýy aý­na hök­mün­de göz öňü­ne ge­ti­re­liň! Çy­ra­nyň yşy­gy­ny gör­me­sek-de, aý­na­da onuň ser­pik­dir­ýän şöh­le­si­ni gö­rüp bil­ýä­ris. Gi­je­ Aýy görmegimizň şoňa meňzeýär. Gi­je Gün gö­rün­me­ýär. Se­bä­bi Ýer onuň öňü­ni ýap­ýar. Em­ma Aýy ýag­ny aý­na­dan ser­pik­ýän yşy­gy gö­rüp bol­ýar. Çy­ra­nyň hem-de aý­na­nyň bir­wagt­da gö­rün­ýän ýag­da­ýy bolsa, Aýyň gün­di­zi­ne gö­rün­megine meňzeýär.