Adam eli bi­len dö­re­di­len iň ga­dy­my des­ga­la­ryň ara­syn­da köp­rü­le­riň uly or­ny bar. Köp­rü­le­riň kä­bi­ri di­ňe bir ulag­la­ryň ýa-da py­ýa­da­la­ryň geç­me­gi üçin däl, ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti, teh­no­lo­gik aý­ra­tyn­lyk­la­ry üçin ýö­ri­te bar­lyp gö­rül­ýär. Bu ge­çel­ge­le­re ba­lyk tut­mak, üs­tün­dä­ki res­to­ran­lar­da na­har­lan­mak, şä­he­riň ýa-da te­bi­ga­tyň gö­zel­lik­le­ri­ne syn et­mek ýa­ly mak­sat­lar üçin hem ba­ryl­ýar. Hat­da sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin hem köp­rü­den peý­da­lan­ýar­lar. Olar dün­ýä­niň alys ýurt­la­ryn­da­ky ja­han­keş­de­le­ri özü­ne çek­ýär. Ang­li­ýa­da Geýt­hed we Nýu­kasl-Upon-Taýn şä­her­le­ri­niň ara­syn­da­ky Taýn der­ýa­sy­nyň üs­tün­de gur­lan Mil­le­ni­um köp­rü­si­niň has tä­sin ta­ra­py bar. Ol iki uly ke­mer­den yba­rat bo­lup, we­lo­si­pedçilere we py­ýa­da­la­ra ni­ýet­le­nen­dir. Ke­mer­le­riň bi­ri köp­ri hökmünde, beý­le­kisi köpri açy­lan wag­ty de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­la­mak üçin ula­nyl­ýar. Ma­hal-ma­hal der­ýa­dan uly gä­mi­ler ge­çe­nin­de ol ýo­ka­ry gal­ýar. Bu tä­sin ýag­da­ýy gör­mek üçin der­ýa­nyň iki ýa­ka­syn­da­ky şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry we myh­man­la­ry ke­na­ra ýyg­nan­ýar.
2001-nji ýyl­da açy­lan des­ga­nyň umu­my uzyn­ly­gy 126 metr. Iki ýyl­dan gow­rak wagt­da gur­lup gu­ta­ry­lan köp­ri üçin 40 mil­li­on dol­lar sarp edi­lip­dir. Köp­ri ýy­lyň do­wa­myn­da 200 ge­zek açylýar. Onuň ýo­ka­ry gal­ma­gy üçin 4 mi­nut ýe­ter­lik.
Gi­je­si­ne reňk­li çy­ra­lar bi­len ýag­ty­lan­dy­ryl­ýan ge­çel­ge gö­ren­le­ri haý­ra­na goý­ýar. Köp­ri we onuň tö­we­re­gi we­lo­si­ped sür­me­gi ha­la­ýan­la­ryň hem ge­lim-gi­dim­li ýe­ri­dir.