Awst­ri­ýa­nyň ka­şaň aw­tou­lag ön­dür­ýän “Mi­lan” kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze “Red” mo­de­li­ni ta­nyş­dyr­dy. 2 mil­li­on ýew­ro­dan sa­tyl­jak ula­gyň kuw­wa­ty 1307 at güý­jü­ne ba­ra­bar. Aşa­gy pes sport ula­gy­nyň tiz­li­gi dört tur­bo­ly 6,2 litr­lik V8 he­re­ket­len­di­ri­ji­si ar­ka­ly 2,47 se­kunt­da 100 km/s-a çyk­ýar. Ula­gyň ady gy­zyl çaý­çaň­ňa­lak gu­şun­dan al­nyp­dyr. Bu jan­da­ryň ne­mes­ dilin­dä­ki ady “Rot­mi­lan”. Edil ýyr­ty­jy guş­lar ýa­ly “Mi­lan Red” aw­tou­la­gy hem müm­kin­ga­dar ýe­ňil gop­mak is­le­ýär. Ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa ula­gyň şeý­le kuw­wat­ly­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ag­ra­my­nyň 1300 ki­log­ram­dy­gy­ny bel­le­ýär. Kom­pa­ni­ýa ula­gyň di­ňe da­şy­nyň su­ra­ty­ny ýaý­rat­dy, onuň için­de sü­rü­ji­niň ýü­rek ur­şu­ny gör­kez­ýän ek­ra­nyň bol­jak­dy­gy mä­lim edil­ýär.
Ulag­dan ba­ry-ýo­gy 99 sa­ny­sy ön­dü­ri­ler. Ula­gyň 18 sa­ny­sy eý­ýäm sar­gyt edi­lip­dir.