Hytaýyň “China Daily” gazeti “Starry Sky– 2” atly howa ulagynyň ýurduň demirgazyk-günbatarynda synagdan geçirilendigini mälim etdi. Uçaryň ilki gaty ýangyçly raketa bilen uçurylandygy we raketadan aýrylandan soňra özüniň hereketlendiriji ulgamy bilen ýoluny dowam etdirendigi mälim edildi. Howa gämisiniň ilki sesiň tizliginiň 5,5 essesi hasaplanýan 5,5 mah sanyna ýetendigi we ýokary tizlik bilen 400 sekuntlap uçandygy habar berildi. Soňra onuň sesiň tizliginiň 6 essesi bilen hereket edendigi aýdyldy. 30 kilometr belentlige çykan howa gämisinde beýleki birnäçe tehnologiýalar hem barlanyp görüldi. Onuň 3 ýylda işlenip taýýarlanandygy mälim edildi.
Sesiň tizligi sekuntda 343,2 metre ýetýär. Sesiň tizliginden 5 esseden gaty gidýän howa gämileri gipersonik ulaglar hasaplanýar. ABŞ-da 2011-nji ýylda synagdan geçirilen ulag birnäçe sekuntlap sesden 20 esse ýokary tizlik bilen hereket edipdi. Geçen ýyl Hytaýda “WU-14” atly uçar mah 5 we mah 10 tizliginde birnäçe synagdan geçirilipdi. Şeýle ýokary tizlikli howa ulaglaryny Russiýa, Hindistan we Awstraliýa hem synagdan geçiripdi.