“Verizon” we “Motorola” dünýäde ilkinji 5G aýratynlygy bolan smartfony köpçülige görkezdi. “Moto Z3” atly telefon arkaly indiki ýyldan başlap käbir ýerlerde müşderilere hödürlenjek 5G aragatnaşyk hyzmatyndan peýdalanyp biler. Tanyşdyrylan telefon arkaly 5G hyzmatyndan peýdalanmak üçin indiki ýyl satuwa çykaryljak “MotoMod” atly enjamy almaly bolar. Ilkinji nobatda, ABŞ-nyň Hýuston, Los Anjeles, Sakramento we ýene bir şäherinde 5G ýola goýlar. Internetiň bäşinji nesli, ilkinji nobatda, öý interneti arkaly müşderilere ýetiriler.
“MotoMod” enjamynda “Qualcomm” ilkinji 5G modemi “Snapdragon X50” ýerleşdiriler. “Qualcomm X50” modemi sekuntda 5 gigabit maglumat göçürip almaga mümkinçilik berýär. “Qualcomm”-yň LTE tehnologiýasyndaky iň ýokary tizlik sekuntda 1,2 gigabaýtdy. Telefonyň 5G üçin niýetlenen goşmaça enjamynyň ýany bilen 2000 mAh kuwwatyndaky batareýa hem berler. 3G-den 4G-e geçilende ýüze çykan ilkinji modemlerde bolşy ýaly, bular hem köp zarýad iýer. Şol sebäpli 5G-den peýdalanylanda, goşmaça batareýa zerurlyk duýlar. Z3-iň beýleki aýratynlyklarynyň arasynda 6 dýuýmlyk 1080p durulygyndaky OLED ekran, 4GB RAM, 64 GB ýat, 12 megapiksel goşa yzky kamera, 3000 mAh batareýasy bar. Z3 diňe “Verizon” operatorynyň üsti bilen 480 dollardan satylar.