Il­kin­ji ge­zek 2016-njy ýyl­da Že­ne­wa aw­tou­lag ser­gi­sin­de köp­çü­li­ge gör­ke­zi­len “Micro­li­no” at­ly elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ki­çi­jik aw­tou­lag hä­zi­re çen­li ge­çi­ri­len sy­nag­la­ryň äh­li­sin­den geç­di we önüm­çi­li­ge taý­ýar edil­di. Şu ýy­lyň de­kab­ryn­da önüm­çi­li­gi­ne baş­lan­jak aw­tou­lag il­ki Şweý­sa­ri­ýa­da, soň­ra Ger­ma­ni­ýa­da müş­de­ri­le­re hö­dür­le­ner. Bu kin­di­wan­ja ula­gyň uzyn­ly­gy 2,4 met­re, ini 1,5 met­re we be­ýik­li­gi 1,45 met­re ba­ra­bar. BMW-niň 1956-njy ýyl­da ön­dü­ren “Iset­ta” mo­de­li­ne meň­ze­di­lip taý­ýar­la­nan bu ula­gyň ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 90 km-e ýet­ýär. Goý­lan ba­ta­re­ýa­sy­na gö­rä, bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 126 ýa-da 202 km ýol geç­ýär. Ulan­mak üçin örän amat­ly bo­lan iki otur­gyç­ly elekt­ro­ka­ry öý şert­le­rin­de zar­ýad­lan­dyr­mak müm­kin. Şeý­le hem onuň öň­ki ga­py­sy dik­li­gi­ne açyl­ýan­dy­gy se­bäp­li mü­nüp düş­mek örän aň­sat.
Soň­ky dö­wür­de iri önüm ön­dü­ri­ji­le­riň ara­syn­da elekt­ro­kar ön­dür­mek­de bas­deş­lik ýi­ti­leş­ýär. Ösen teh­no­lo­gi­ýa uzak ara­ly­ga git­mä­ge ukyp­ly elekt­rou­lag­la­ry gys­ga wagt­da iş­läp düz­mä­ge we ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Iki ýyl­dan bä­ri kä­mil­leş­di­ril­ýän “Micro­li­no” hem bu bäs­deş­lik­de yz­da gal­mak is­le­me­ýär. Onuň “ata­sy” ha­sap­lan­ýan “Iset­ta” ula­gy bol­sa, ge­çen asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­da BMW kom­pa­ni­ýa­sy­na uly gir­de­ji ge­ti­rip­di.