Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň we Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da sy­ýa­sy ge­ňeş­me­ler bol­dy. Goň­şy döw­le­tiň we­kil­iýe­ti­ne ýol­baş­çy­ly­ky edip, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Hik­mat Ha­lil Kar­zaý Aş­ga­ba­da gel­di.
Ýur­du­my­zyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny dür­li ugur­lar bo­ýun­ça pug­ta­lan­dyr­ma­ga, şeý­le hem se­bit we hal­ka­ra me­se­le­le­ri­niň giň top­lu­my­na se­re­dil­di. Du­şu­şyk­dan soň­ra met­bu­gat ýyg­na­gy ge­çi­ril­di. Oňa ýer­li we Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän da­şa­ry ýurt köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy. Du­şu­şyk­da çy­kyş eden Ow­ga­nys­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Hik­mat Ha­lil Kar­zaý, il­kin­ji no­bat­da, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ow­gan hal­ky­na ed­ýän yn­san­per­wer kö­mek­le­ri üçin uly ho­şal­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne buý­san­ýan­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di. Myh­man Türk­me­nis­tan bi­len hem­me­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni, hu­su­san-da se­bit­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Tä­ji­gis­tan de­mir­ýol tas­la­ma­sy ýa­ly iri dü­züm­le­ýin tas­la­ma­lar bi­len has-da pug­ta­lan­ýan­dy­gy­ny bel­läp geç­di.

Şeý­le hem ol Türk­me­nis­tan bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry has-da ýyg­jam­laş­dyr­ma­ga uly äh­mi­ýet ber­ýän­dik­le­ri­ni bel­läp, bu du­şu­şyk­da Ow­ga­nys­ta­nyň ha­ryt­la­ry­nyň Aş­ga­bat­da­ky ser­gi­si­ni gu­ra­mak ba­bat­da pi­kir al­şan­dyk­la­ry­ny bel­läp geç­di.
Mun­dan baş­ga-da, myh­man Türk­me­nis­tanda 2017-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry bi­len gut­lap, bu sport bäs­le­şi­gi­niň, ha­ky­kat­da­nam, se­bit üçin örän uly äh­mi­ýet­li wa­ka bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Ow­ga­nys­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry­nyň bi­ziň ýur­du­myz­da bol­ma­gy­nyň çäk­le­rin­de ener­ge­ti­ka, söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar, bi­lim mi­nistr­lik­le­rin­de du­şu­şyk­lar ge­çir­di.