Üç ýyldan bäri işlenip düzülýän UBCO 2×2 welosipedi has kuwwatly bolmagy bilen tapawutlanýar. Elektrik energiýasy bilen işleýän iki tigirli ulag edil motosikl ýaly gatnaw ulgamyndaky meseleleri çözmäge ýardam eder. Sessiz we daşky gurşawa zyýansyzlygy bilen bir hatarda, ol daşky görnüşi bilen hem müşderileri özüne çekýär. Täze Zelandiýada döredilen UBCO şereketiniň taýýarlan bu ulagy diňe şäherde däl, eýsem, oba ýerlerinde hem ulanmaga niýetlenipdir. Ulag, ilkinji nobatda, ABŞ-nyň iri şäherlerinde satuwa çykarylar. Oňa, esasan hem, ulaglary kärendesine berýän şereketler has uly gyzyklanma bildirýärler. Welosipediň iki sany hereketlendirijisi 48 km/s tizlik bilen hereket etmegine mümkinçilik berýär. Welosipedi ýolsuz ýerde we belende çykylanda hem arkaýyn sürüp bolýar. Litiý-ion batareýasyna bir gezek zarýad berlende 120 km ýol geçýär. Aňsatlyk bilen söküp bolýan batareýasyny başga enjama zarýad bermek üçin hem ulanyp bolýar. 7000 dollardan amerikan bazaryna çykarylan ulagyň geljekde dünýäniň beýleki ýerlerine hem ugradylmagyna garaşylýar.