Awstraliýaly alymlar Sahara çölünden dünýäniň iň gadymy tebigy reňkini tapdylar. Ýüze çykarylan açyk gülgün reňkdäki maddanyň 1,1 milliard ýyl ozal peýda bolandygy aýdylýar. Awstraliýanyň Milli uniwersitetiniň hünärmeni Nur Guneli gadymy pigmentiň Mowritaniýada alnyp barylýan işlerde ýerasty daşlaryň arasyndan tapylandygyny aýtdy. Şeýle hem Guneli pigmentiň ozalky tapylanlardan 500 million ýyl öň peýda bolandygyny habar berdi. Hünärmen tapylan reňkiň biologik maddadan emele gelendigini aýdyp, açyk gülgün reňkli pigmentiň irki döwürlerde ummanlarda fotosintetik organizmler bilen täsirleşen hlorofil molekulalaryň galyndylary netijesinde dörändigini belledi. Bu reňkiň ilki ýaşyl, soňra goýy mämişiden gyzyla öwrülendigi çaklanylýar. Hünärmenler tapylan molekula galyndylarynyň “Tyrannosaurus Rex” dinozawr galyndysyndan 10 esse gadymydygyna ünsi çekýärler.