Tehnologiýa täzeliklerini ýaýradýan BGR saýtynyň “Samsung” kompaniýasynyň wekili bilen geçiren söhbetdeşliginde “Galaxy S10” enjamynda 5G tehnologiýasynyň bolmajakdygy aýdyldy. Golaýda “Galaxy Note 9” enjamyny tanyşdyran Günorta koreý brendi bu tehnologiýany 2020-nji ýyldan soňky smartfonlaryna oturtmagy maksat edinýär.
Hytaýyň öňdebaryjy smartfon öndüriji kompaniýasy “Oppo” internet saýty arkaly täze “Oppo R17” telefonyny tanyşdyrdy. Onuň iň esasy aýratynlygy ekranyň ýüzünde görünmeýän barmak yzyny okaýan sensory bar. Telefonyň ýüzüniň tutuşlygyna diýen ýaly ekran bilen örtülenligi “Oppo R17”-iň ýokary aýratynlyklary bolup, şu günden başlap satuwa çykarylar.
“Lenovo” güýçli ýan kompýutere zerurlyk duýýanlar üçin “Thinkpad P1” we “Thinkpad P72” modellerini hödürledi. Esasan, işewürlere niýetlenen “Thinkpad P1”-iň galyňlygy 18,4 mm, agramy 1,7 kilogram. “Thinkpad P72” modeliniň 128GB DDR4 RAM-y we 6 TB ýady bolup, 1800 dollardan satuwa çykarylar.
Italýan awtoulag brendi “Ferrari”-niň her awtoulagyndan 69 müň ýewro gazanýandygy mälim edildi. Iňlisleriň “Jaguar Land Rover” kompaniýasy 800 ýewro gazanýan bolsa, “Mercedes”, “Audi” we BMW brendleri her ulagyndan 9 000 ýewro gazanýar. Bu görkeziji “Porsche”-de 17 000 ýewro töweregi.
“Google” täze “Android Pie” amaly ulgamyny hödürledi. Gündelik durmuşda ulanyjylaryň işini has hem ýeňilleşdirjek amaly ulgam sentýabr aýyndan başlap “Sony” smartfonlarynda peýda bolar. Ilkinji nobatda “Sony”-nyň 6 sany “Xperia” enjamy amaly ulgamyň täze görnüşi bilen üpjün ediler.
9-njy awgustda tanyşdyrylan “Samsung Galaxy Watch” sagadynyň 42 mm-lik görnüşi 330 dollardan, 46 mm-ligi 350 dollardan satuwa çykarylar. LTE internetli görnüşiniň bahasy entek mälim edilmedi.