“MITSUBISHI”. Ýaponiýanyň dünýä belli awtoulag brendi “Mitsubishi Motors” korporasiýasynyň garamagyndaky “Mitsubishi” topary ralli ýaryşlarynyň öňdebaryjylaryndan hasaplanýar. Diňe bir ralli däl, eýsem, ulag ýaryşlarynyň hemmesinde diýen ýaly “Mitsubishi” toparynyň adyna duş gelmek bolýar. 2010-njy ýyldan bäri, motor-sport ýaryşlarynyň hiç birine-de gatnaşman gelýän hem bolsa, “Mitsubishi” şol ýyla çenli onlarça çempionlyk gazandy.
1980-nji ýyllardan başlap, Dakar rallisinde çykyş edip ugran “Mitsubishi” toparynyň bu ýaryşda 12 çempionlygy bar. Topar Dakardaky ilkinji ýeňşini 1985-nji ýylda gazanypdy. Dakar rallisindäki ähli çempionlygy-da “Mitsubishi Pajero” kysymly görnüşi bilen gazanan topar 1992-nji we 1993-nji ýyllarda çempion boldy. 1997–1998-nji ýyllarda ýene 2 çempionlyk gazanyldy. 2000-nji ýyllaryň başlaryna topar Dakar rallisinde yzly-yzyna 7 çempionlyk gazandy (2001–2007). 2001-nji ýyldaky çempionlygyň özboluşly aýratynlygy bolup, germaniýaly Ýutta Kleinşmidt çempion adyny eýeledi. Ol Dakar rallisinde çempionlyk gazanan ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk zenandyr. 2002–2003-nji ýyllarda ýerli sürüji – Hiroşi Masuokanyň çempion bolmagy topar üçin aýratyn ähmiýetli boldy. Dakar rallisi diýlende ilkinji bolup ýadyňa düşýän fransiýaly sürüji Stefan Peterhansel hem “Mitsubishi” topary bilen 3 gezek ýeňiş gazandy. “Mitsubishi” toparynyň Dakar rallisinde gazanan 2-nji we 3-nji orunlary sanardan köp bolup, olar 2007-nji ýyla çenli her ýyl diýen ýaly 2-nji we 3-nji orunlary hem eýelemegi başardylar. Dakar rallisi Günorta Amerika yklymynda geçirilip başlanyndan bäri bolsa, “Mitsubishi” topary Dakar rallisine gatnaşmaýar.
“Mitsubishi” toparynyň birinjilikleri diňe Dakar rallisi bilen çäklenmän, topar “Abu Dhabi Desert Challenge” ýaryşynda-da “Pajero” kysymly ulagy bilen 6, “Lancer Evo” kysymly görnüşi bilen 3 gezek ýeňiş gazandy. Bu bäsleşikde toparyň adyndan Said Al-Hajiri, Bruno Sabi, Stefan Peterhansel, Hiroşi Masuoka, Luk Alfan ýaly sürüjiler çykyş etdi. Şol çempionlyklaryň 4-si Peterhansele degişlidir.
“Mitsubishi” topary her ýyl tapgyrlaýyn geçirilýän Dünýä ralli çempionatynda-da (WRC) 1996–1999-njy ýyllarda finlýandiýaly sürüji Tommi Makineniň ýolbaşçylygynda 4 gezek çempionlyk gazandy.
“MINI”. Asly britan kompaniýasynyň önümi bolan “Mini” awtoulaglary 2000-nji ýyldan bäri Germaniýanyň meşhur şereketi BMW-niň garamagynda. “Mini” topary, aýratynam, soňky ýyllarda ralli ýaryşlarynda tapawutlanýan toparlaryň biridir. Dakar rallisinde 2012–2015-nji ýyllar aralygynda 4 gezek çempionlyk gazandy. “Mini All4 Racing” kysymly ulaglar bilen gazanylan bu çempionlyklaryň 2-sine Stefan Peterhansel, beýlekilerine-de ispaniýaly Nani Roma we katarly Nasser Al-Atiýa atlaryny ýazdyrdy. Häzirki wagtda Dünýä ralli çempionatyna-da gatnaşýan topar russiýaly Wladimir Wasilýewiň erk edýän ulagy bilen 2017-nji ýylda “Africa Eco” rallisinde-de çempionlyk gazandy. Toparyň öňe saýlanýan ýene bir bäsleşigi-de “Abu Dhabi Desert Challenge” ýaryşydyr. Bu bäsleşikde Peterhansel (2011), Roma (2013), Wladimir Wasilýew (2014, 2015) dagy jemi 4 gezek topara çempionlyk gazandyrdy. “Mini” topary Marokko rallisinde-de 3 gezek (2-si Al-Attiýanyň ýolbaşçylygynda) ýeňiji boldy (2013, 2014, 2015).
“VOLKSWAGEN”. Mundan 81 ýyl ozal, esaslandyrylan “Volkswagen” nemes kompaniýasynyň topary-da ralli ýaryşlarynyň öňdebaryjylaryndandyr. Topar Dakar rallisinde 4 çempionlyk gazandy. 5 saparam 2-nji, 3 gezegem 3-nji ýeri eýelän topar ilkinji çempionlygyny 2-nji Dakar rallisinde, ýagny 1980-nji ýylda gazanmagy başardy. Ondan soň, topar “Volkswagen Race Touareg” kysymly ulaglary bilen 2009-2010-2011-nji ýyllarda yzly-yzyna 3 gezek çempion diýen ady eýeledi. Günorta afrikaly Jiniel de Williers, ispaniýaly meşhur sürüji Karlos Saýns hem-de katarly Nasser Al-Attiýa topary çempion etdi. Köp ýyldan bäri-de Dünýä ralli çempionatynda-da 4 gezek çempionlyk gazanan topar Karlos Saýnsyň erk edýän ulaglary bilen Ýüpek ýoly rallisinde 2009-njy we 2010-njy ýyllarda pellehana hemmeden öňürti geldi.
“CITROËN”. Ralli ýaryşlarynyň öňdebaryjy toparlarynyň ýene biri hem fransuzlaryň dünýä belli brendi “Citroën” awtoulagydyr. Topar Dakar rallisinde irki ýyllarda 4 gezek çempionlyk gazandy. 1991-nji ýylda finlýandiýaly Ari Watanen, 1994–1996-njy ýyllarda-da fransiýaly Pier Lartig yzly-yzyna 3 gezek ýeňiji boldy. Ari Watanen özüniň çempionlyklarynyň hataryna 1997-nji ýyldaky “Abu Dhabi Desert Challenge” ýaryşyny hem goşdy. Dünýä ralli çempionatynyň iň köp çempion bolan sürüjisi fransiýaly Sebastian Lýob ähli ýeňşini bu toparyň “Citroën Xsara WRC”, “Citroën C4 WRC”, “Citroën DS3 WRC” görnüşli ulaglary bilen gazandy.
“PEUGEOT”. Fransuz awtoulag önümçiliginiň esasy kompaniýalaryndan bolan “Peugeot” hem ralli ýaryşlarynyň tanalýan toparlaryndandyr. Esasan hem, soňky ýyllarda yzygiderli ýeňişler gazanýan topar Dakar rallisinde 3 ýyldan bäri çempionlygy özünde saklap gelýär. Dakar rallisinde “Mitsubishi”-den soň, iň köp çempionlyk gazanan topar “Peugeot” bolup, olar 7 gezek çempion adyny eýeledi. 1987-1990-njy ýyllarda fin sürüjileri – Ari Watanen bilen Ýuha Kankkunen topara 4 çempionlyk gazandyrdy. Ýüpek ýoly rallisinde-de 2016-njy we 2017-nji ýyllarda münberiň çür depesine çykan toparyň sürüjileri geçen ýylky “Abu Dhabi Desert Challenge” ýaryşynda hem ýeňiji boldular.
Ýokarda ady agzalan bu toparlardan başga-da, “Toyota”, “Chevrolet”, “Nissan”, “Mercedes”, “Ford”, BMW, “Renault”, “Range Rover”, “Porsche”, “Fiat”, “Subaru”, “Lancia”, “Lada Niva”, “Hyundai” ýaly meşhur awtoulag kompaniýalarynyň wekilleri hem ralli ýaryşlarynda ýeňiş gazandy. “Africa Eco” ýaryşynyň düýbüni tutujy Žan-Lui Şlesser hem özüniň käbir şereketler bilen bilelikde işläp düzen “Buggy Schlesser”, “Schlesser Renault” ýaly awtomobilleri bilen ençeme ýaryşlarda çempion bolmagy başardy.
Hajymyrat Söýünow,
sport žurnalisti.