Irki döwürlerde adamlar başdan geçiren esasy wakalaryny köplenç, tebigy hadysalara, pasyllara görä ýadynda saklapdyrlar. Ilkinji senenamalar, adatça, Aýyň hereketine görä düzülipdir. Şol sebäpli her halkda bir ýylyň dowamlylygy deň bolmandyr we pasyllar her ýyl üýtgäpdir. Sebäbi Aý Ýeriň daşyndaky doly aýlawyny 29 gün 12 sagatda tamamlaýar. Bu ýagdaýda bir ýyl 354 gün bolýar. Emma Ýer Günüň daşyndaky aýlawyny 365 gün 6 sagatda tamamlaýar. Şol sebäpli pasyllaryň we aýlaryň ýylyň-ýylyna üýtgemezligi üçin Ýeriň Günüň daşyndan aýlanýan wagtyna görä senenama düzmek zerurlygy ýüze çykýar.
Rimliler miladydan 758 ýyl ozal 10 aýlyk senenamany taýýarlaýar. Bu senenamada has gadymy döwürlerden bäri gije bilen gündiziň deňleşýän wagty hasaplanýan mart aýy ýylyň başlangyjy kabul edilýär. Senenama “martius”, “aprilis”, “maius”, “junius”, “quintilis”, “sixtilis”, “september”, “october”, “november” we “december” aýlaryndan ybaratdy. Aý atlarynyň iýuldan (quintilis) dekabra (december) çenli bolanlary degişlilikde 5, 6, 7, 8, 9 we 10 sanlarynyň latynça aýdylyşydyr. Bu 10 aýlyk senenamada 60 gün artyk galýar. Netijede, galan günlere bolsa, “janarius” (ýanwar) we “februarius” (fewral) atlary berlip, senenama tamamlanýar. Şeýlelikde, ýylyň ilkinji aýy mart, soňky aýy bolsa, fewral hasaplanýar. Birnäçe asyrdan soňra, ýagny miladydan 46 ýyl ozal Rim imperatory Ýuliý Sezar senenamany az-kem üýtgedip, ilkinji 11 aýy 30 we 31 günlük edip kesgitleýär. Ýylyň soňky aýy fewral 29 gün hasap edilýär. Her dört ýyldan fewrala bir gün goşmak (30 gün) däbi girizilýär. Soňra ýylyň ilkinji aýy ýanwar kabul edilýär, emma fewral aýy beýlekilerden tapawutlylykda kemligine galdyrylýar.
Ýuliý Sezar dünýeden ötenden soňra, rimliler “quintilis” aýyna onuň adyny berýärler. Soňky ýyllarda tagta çykan Augustusyň ady “sixtilis” aýyna dakylýar we aslynda 30 günlük aýa fewraldan bir gün alnyp goşulýar. Şondan bäri hem senenama o diýen üýtgeşiklik girizilmeýär.