Sy­çan däl, tow­şan däl, ke­ýi­gem däl. Dün­ýä­niň iň ki­çi go­şa­toý­nak­ly jan­da­ry­na köp dil­de sy­çan-ke­ýik (lat: “Tra­gu­li­dae”) di­ýil­ýär. Onuň uzyn­ly­gy 40-85 sm, ag­ra­my 2-12 kg ara­ly­gyn­da bol­ýar. Bu şah­syz jan­dar­lar ki­çi­jik ke­ýi­ge meň­ze­ýär. Jan­da­ryň iki sa­ny uzyn di­şi bol­ýar. Açyk go­ňur ýa-da çal reňk­li bu haý­wan­la­ryň esa­sy dört gör­nü­şi bar. Göw­re­si­ne gö­rä in­çe aýak­ly, ki­çi kel­le­li, ýi­ti bu­run­ly we uly göz­li ke­ýi­jek­ler köp­lenç gi­je­si­ne da­şa­ry çyk­ýar. Af­ri­ka­nyň we Azi­ýa­nyň tro­pik to­kaý­lyk­la­ryn­da ýa­şa­ýan bu jan­dar­la­ryň iň ulu­sy tow­şan ýa­ly­rak bol­ýar. Ola­ryň daş­ky gör­nü­şi Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da­ky agu­ti gem­ri­ji­le­ri­ne meň­ze­ýär. Olar su­wa go­laý ýer­ler­de mes­gen tu­tun­ýar­lar. Ür­kek bo­lan­soň, adam­lar­dan giz­le­nip ýa­şa­ýar­lar. Şol se­bäp­li ola­ry gör­mek aň­sat däl. Ýap­rak­lar, ot­lar, gül­ler we agaç­dan ga­çan mi­we­ler bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Kä­bir gör­nü­şi örän seý­rek ýag­daý­da, ba­lyk, mör-mö­jek­ler bi­len hem iý­mit­len­ýär. Bu jan­da­ryň iň uly gör­nüş­li­si­niň (tra­gu­lus na­pu) uzyn­ly­gy 70-75 sm, be­ýik­li­gi 30-35 sm, guý­ru­gy­nyň uzyn­ly­gy 5-8 sm tö­we­re­gi. Onuň aýak­la­ry­nyň ýo­gyn­ly­gy ga­la­myň­ka ba­ra­bar. Örän seý­rek duş gel­ýän bu gör­nüş 14 ýyl çe­me­si ýa­şa­ýar. Olar gi­je­si­ne ot­la­mak üçin bel­li bir ýo­da­jyk ýa­sa­ýar­lar we di­ňe şon­dan gi­dip-gel­ýär­ler. Ola­ry el­de­ki­leş­dir­mek hem kyn däl. Ýyr­ty­jy süý­dem­di­ri­ji­ler, guş­lar we uly süý­re­ni­ji­ler ola­ryň ga­nym duş­man­la­ry­dyr. Bu jan­dar Ma­laý ýa­ry­ma­da­syn­da (Wýet­nam, Kam­bo­ja, Tai­land, Mýan­ma, Ma­laý­zi­ýa, Sin­ga­pur) hem-de In­do­ne­zi­ýa­nyň Su­mat­ra we Bor­neo ada­la­ryn­da giň­den ýaý­ran­dyr.