“Sono Motors” atly nemes şereketi üstündäki Gün panelleri arkaly ýolda barýarka zarýad alýan awtoulagy işläp taýýarlaýar. “Sion” atly ulagyň indiki ýyl satuwa çykaryljakdygy mälim edildi. Beýleki elektrokarlarda bolşy ýaly adaty tok çeşmesinden zarýad berilýän ulagyň üçeginde, gapylarynda we öňki kapotynyň üstünde jemi 330 sany Gün paneljigi bar. Gün şöhlesinden has köp peýdalanmagy üçin onuň gara reňkli boljakdygy aýdylýar. “Sion”-yň bahasy 16 müň ýewro bolar. Onuň batareýasy aýratynlykda 4 müň ýewrodan satylar. Ulagyň diňe üstünde ýerleşdirilen Gün panelleri arkaly hereket etmegi mümkin däl. Bu paneller diňe goşmaça tok çeşmesi hökmünde peýdalanylar. Ilkinji nobatda, nemes bazaryna hödürlenjek ulag 37 günläp, 3500 synagdan geçirilipdir. 5 orunlyk, dört gapyly ulagyň sagatdaky tizligi 140 km/s. Gün panellerinden alnan energiýa ulagyň her günde adatdakysyndan 30 km has uzaga gitmegine mümkinçilik berýär. 35-45 kilowatt/sagatlyk batareýasy ulagyň 250 kilometr ýol geçmegine mümkinçilik berýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Lorin Han eýýäm 5000 ulagyň sargyt edilendigini mälim etdi. Ol, ilkinji nobatda, Germaniýanyň bazarynda, soňra Niderlandlarda öz harytlaryny hödürlejekdiklerini aýdyp, Niderlandlaryň elektromobiller üçin iň amatly bazarlaryň biridigine ünsi çekdi.
“Sion” iki ýyl ozal döredilen “Sono” kompaniýasynyň birinji ulagy bolup, ilkinji synanyşygyny geçen ýyl amala aşyrypdy. Indiki ýyl ulag köpçülikleýin önümçiligine başlanar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary onuň tölegini aýlyk tölemek ýa-da kärendesine bermek ýaly mümkinçilikleriň dörediljekdigine, batareýalaryň bahasynyň ýylsaýyn arzanlaýandygyna ünsi çekip, müşderileriň ulaglaryny satyn almagy üçin ähli ýeňillikleriň hödürlenjekdigini belleýärler.
Mundan ozal “Toyota” hem ýokarsy Gün panelli elektroulagy hödürläpdi.