Hä­zir­ki wagt­da bir eli­miz bi­len ar­ka­ýyn gö­te­rip bol­ýan, jü­bü­mi­ze syg­ýan el te­le­fon­la­ry bi­len wi­deo­ýaz­gy­la­ry alyp bol­ýar. Ki­çi­jik ka­me­ra­lar we beý­le­ki mo­bil en­jam­la­ry ýaz­gy et­mek üçin giň­den ula­nyl­ýan hem bol­sa, pro­fes­sio­nal ýag­daý­da has uly ka­me­ra­lar giň­den ula­nyl­ýar. Il­kin­ji ýaz­gy en­jam­la­ry iň­lis di­lin­de “came­ra” we “recor­der” söz­le­ri­niň bir­leş­me­gi ne­ti­je­sin­de “camcor­der” diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dyr. Olar iki sa­ny agyr bö­lek­den yba­rat eken. Ony iki adam bo­lup ulan­ma­ly bo­lup­dyr. Bu en­ja­myň özün­de ek­ran bol­man­soň, ýaz­gy edi­lip bo­lan­soň, ony te­le­wi­zo­ra ça­typ gör­me­li bo­lup­dyr. Wag­tyň geç­me­gi bi­len bu en­jam­lar ki­çel­di­lip, bir bö­lek­den yba­rat ka­me­ra ön­dü­ril­ýär. Söw­da mak­sat­ly il­kin­ji wi­deo­ka­me­ra­ny Ýa­po­ni­ýa­nyň SO­NY kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri iş­läp düzýär­ler. “Be­ta­max” wi­deo teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan peý­da­lan­ýan “Be­ta­movie BMC-100” at­ly ka­me­ra 1983-nji ýy­lyň ma­ýyn­da köp­çü­li­ge ta­nyş­dy­ryl­ýar. Bu ka­me­ra­da hem wi­deo­ýaz­gy­ny yzy­na sa­ra­dyp gaý­ta­dan gö­rmek üçin ek­ran bolmandyr. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, ozal­ky iki bö­lek­li wi­deo­ka­me­ra ga­ra­nyň­da, uly ýe­ňil­lik dö­re­dip­di.