Ro­bot teh­no­lo­gi­ýa­sy gün­sa­ýyn art­ýar. In­di gün­de­lik dur­muş­da we önüm­çi­lik­de fi­zi­ki zäh­me­ti ýe­ňil­leş­dir­ýän aw­to­mat­laş­dy­ry­lan en­jam­lar­dan has köp peý­da­lan­ýa­rys. Do­ku­men­tal, çe­per we rek­la­ma film­le­ri­ni, şe­kil­li aý­dym­la­ry dü­şür­me­gi bi­len ta­nal­ýan iň­lis re­žiss­ýo­ry To­ni Keý no­bat­da­ky fil­min­de baş keş­bi bir ro­bo­ta yna­nar. “Ame­rican His­to­ry X”, “La­ke of Fi­re” we “De­tachment” ýa­ly ki­no­la­ry su­ra­ta dü­şü­ren Ke­ýiň ada­ty bol­ma­dyk gah­ry­ma­ny “2nd Born” (Ikin­ji dog­luş) fil­min­de peý­da bo­lar. Eý­ran­ly re­žiss­ýor Ali At­şa­ni­niň dü­şü­ren “1st Born” ki­no­sy­nyň do­wa­my bol­jak ek­ran ese­rin­de çy­kyş et­jek ro­bo­tyň il­ki “ar­tist­lik sy­nag­la­ryn­dan” ge­çi­ril­jek­di­gi aý­dyl­ýar. Hä­zi­re çen­li ro­bo­ta meň­zeş gah­ry­man­lar bo­lan hem bol­sa, ki­no ta­ry­hyn­da ha­ky­ky ro­bot il­kin­ji ge­zek baş keş­bi jan­lan­dy­rar.