Rus ýa­zy­jy ze­na­ny An­na Sta­ro­bi­nes go­laý­da Fran­si­ýa­nyň Amiens şä­he­rin­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra fan­tas­tik şü­we­le­ňin­de “Ýew­ro­pa­nyň iň go­wy ýa­zy­jy­sy” di­ýen de­re­jä eýe bol­dy. An­na Sta­ro­bi­nes di­ňe bir Rus­si­ýa­da däl, eý­sem, dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ryn­da hem mis­tik we fan­tas­tik eser­le­riň muş­dak­la­ry­nyň ara­syn­da uly ab­ra­ýa eýe­dir. Ol Ýew­ro­pa­nyň “Ýew­ro­kon” fan­tas­ti­k şü­we­le­ňin­de “Ýew­ro­pa­nyň iň go­wy ýa­zy­jy­sy” di­ýen ugur bo­ýun­ça ab­raý­ly baý­rak­la­ryň bi­ri “ESFS Awards”-a eýe bol­dy.
Sta­ro­bi­ne­siň has meş­hur ki­tap­la­ry­nyň ara­syn­da “Ge­çiş ýa­şy”, “Bir­den so­wuk düş­di”, “Ika­ro­wa­nyň dem­ri” (mis­tik he­ka­ýa­lar ýy­gyn­dy­sy), “Ga­çy­ba­tal­ga 3/9” (fan­tas­tik ro­man), “Çy­dam­ly” (ro­man-antiu­to­pi­ýa), “Oňat gyz­la­ryň ýur­dy” we “Kot­lan­ti­da” (ça­ga­lar ese­ri) ýa­ly ki­tap­la­ry bel­li­dir. Onuň eser­le­ri fran­suz, iň­lis, ital­ýan, is­pan, şwed, pol­ýak, bol­gar, ýa­pon dil­le­ri­ne ter­ji­me edil­di. Kä­wagt “rus Sti­wen Kin­gi” hem di­ýlip at­lan­dy­ryl­ýan Sta­ro­bi­nes “ li­ri­ki hor­ror” diý­il­ýän ugur bo­ýun­ça hem iş­le­ýär.
Sta­ro­bi­nes bi­len bi­le­lik­de Şwe­si­ýa, Finl­ýan­di­ýa, Uk­rai­na, Hor­wa­ti­ýa, Ir­lan­di­ýa, Awst­ri­ýa, Ru­my­ni­ýa, Çe­hi­ýa, Be­la­rus, Slo­wa­ki­ýa ýa­ly ýurt­la­ryň hem-de Fran­si­ýa­nyň ýa­zy­jy­la­ry­dyr ter­ji­me­çi­le­ri, ne­şir­ýat­çy­la­ry, su­rat­keş­le­ri, žur­nal­la­ry we saýt­la­ry ab­raý­ly baý­ra­ga eýe bol­du­lar.
“ESFS Awards” baý­ra­gy 1972-nji ýyl­dan bä­ri her ýyl gow­şu­ryl­ýar. 40 ýaş­ly Sta­ro­bi­nes hor­ror žan­ryn­da eser ýaz­ýan az san­ly rus aw­tor­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ol 2014-nji ýyl­da “Ika­ro­wa­nyň dem­ri” he­ka­ýa­lar ýy­gyn­dy­sy üçin “Mil­li best­sel­ler” baý­ra­gy­na eýe bol­dy. 2017-nji ýyl­da onuň aw­to­bi­og­ra­fik ki­ta­by ne­şir edil­di. Şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li bol­sa, onuň ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen ki­ta­by­nyň çyk­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.