Amerikan žurnaly “The Strand Magazine”-de amerikan ýazyjysy Ernest Hemingueýiň (1899-1961) ozal neşir edilmedik hekaýasy çap ediler. “Biz žurnalymyzyň 55-nji sanynda Ernest Hemingueýiň “A Room on the Garden Side” (Bag tarapdaky otag) atly ozal neşir edilmedik hekaýasynyň çap ediljekdigini uly buýsanç bilen siziň dykgatyňyza ýetirýäris” diýlip, žurnalyň beýanatynda aýdylýar.
Beýanatda aýdylyşyna görä, bu hekaýa ýazyjynyň batyrgaýlyk, umyt we söýgi ýaly iň söýgüli mowzuklaryny öz içine alýar. Eser 1956-njy ýylda ýazylyp, ondaky wakalar Ikinji jahan urşy ýyllarynda Parižiň “Ritz” myhmanhanasynda bolup geçýär. Hekaýadaky gürrüňler Robert atly haýsydyr bir adam tarapyndan beýan edilip, ol ýazyjynyň hakyky keşbinden daş düşenok.
Ernest Hemingueý amerikan edebiýatynyň taryhynda yz goýan meşhur şahsyýetleriň biridir. Onuň ýazyjy we žurnalist hökmünde bitiren işleri üçin 1954-nji ýylda Nobeliň edebiýat baýragyna eýe bolmagy ABŞ-da iň meşhur we abraýly ýazyjylaryň hataryna goşdy. Hemingueýiň özboluşly, deňi-taýy bolmadyk ýazyş usuly ýazyjynyň abraýyny arşa göterdi. Ernest Hemingueý bir tarapdan özüniň köp sanly hekaýalarydyr romanlary, beýleki bir tarapdan bolsa, özüniň garaşylmadyk wakalara baý geň-taň durmuşy arkaly hemmeleriň göwnünden turýar. Hemingueýiň ýazyş täri gysga we mazmuna baý bolup, XX asyryň edebiýatynda aýratyn ähmiýete eýedir.