Ýewropa ýurtlarynda şu ýylyň birinji ýarymynda elektrokarlaryň satuwy 42 göterim ýokarlandy we umumylykda alnanda 1 million ulag satyldy. Mundan ozal, Hytaýda satylan elektroulaglaryň sany 1 milliondan geçipdi. Bu ugurda öňdäki orunlary eýeleýän ABŞ entek beýle görkezijä ýeterden ir. Emma “Teslanyň” täze modeline islegiň ýokary bolýandygy nazarda tutulanda, bu ýurtda hem şeýle sepgide ýetilmegine garaşylýar. Ýylyň başyndan iýunyň ahyryna çenli Norwegiýa, Şweýsariýa, Islandiýa we Lihtenşteýnde jemi 195 müň töweregi elektrik energiýasy bilen işleýän ulag satylypdyr. Ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 1,35 milliona ýetmegine garaşylýar. Bazary öwreniji “EV Volumes” şereketiniň hünärmeni Wiktor Irle bir million ulagyň satylmagynyň hapa gazlaryň howa goýberilmeginiň öňüni almakda ýetilen uly sepgitdigine ünsi çekdi. Bu görkezijilere elektrokarlar bilen bir hatarda batareýanyň kuwwaty bilen gysga aralyga gidip bilýän iki hereketlendirijili gibrid ulaglar hem degişli. Elektroulaglaryň ösüşi artýan hem bolsa, ýylyň birinji ýarymynda hasaba alnan ulaglaryň bary-ýogy 2 göterimini emele getiripdirler. Ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 2,35 % bolmagyna garaşylýar.
Nebit-gaz goruna baýdygyna garamazdan, Norwegiýa elektroulag satuwynda öňdäki orunlary eýeleýär. Ýurtda ýylyň birinji ýarymynda 36 müň 500 elektroulag satylypdyr. Bu görkeziji satylan ulaglaryň 37 göterimini emele getiripdir. Ýurtda alternatiw energiýa çeşmeleri bilen işleýän ulaglara salgytdan boşatmakdan başga-da tölegsiz awtoduralga, aýratyn ýol we beýleki birnäçe ýeňillik döredilýär. Awtoulag öndürmekde Ýewropanyň öňdebaryjy ýurdy Germaniýada hem şeýle ulaglara has köp goldaw berlip başlandy. Awtoulag satuwyna seredilende, ýakyn geljekde awtoulag sany babatda Germaniýanyň Norwegiýadan ozduryp, sebitde birinji bolmagyna garaşylýar.
Gollandiýada we Daniýada hem elektroulag satuwy kanagatlanarly ýagdaýda. Birleşen Patyşalykda bolsa, alty aýda 30 müň 40 elektrokar satylypdyr. Beýleki Ýewropa ýurtlaryndan birneme yzda barýan Britaniýada “Pivot Power” şereketi zarýad beketlerini gurmak arkaly olaryň yzyndan ýetmek isleýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Matt Allen sebitde 1 million ulagyň satylmagynyň gowy täzelikdigini aýdyp, arzan bahaly, amatly ýerde ýerleşdirilen zarýad beketleriniň ýaýbaňlandyrylmagy bilen olaryň satuwynyň görnetin artjakdygyna ünsi çekýär.