Elekt­ron en­jam­la­ryň önüm­çi­li­gin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýur­dy Wýet­nam il­kin­ji aw­tou­la­gy­ny çy­kar­ma­ga taý­ýar­lan­ýar. Wýet­nam­ly in­že­ner­ler ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan il­kin­ji ulag in­di­ki aýyň ba­şyn­da Pa­riž­de ge­çi­ril­jek hal­ka­ra aw­tou­lag ýa­ry­şyn­da köp­çü­li­ge gör­ke­zi­ler. Il­kin­ji wýet­nam aw­tou­lag şe­re­ke­ti “VinG­ro­up” ge­çen ýyl dö­re­di­len hem bol­sa, eý­ýäm nus­ga­lyk ula­gy taý­ýar et­di­ler. Şe­re­ke­tiň ýol­baş­çy­la­ry aw­tou­la­gyň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak üçin “Fer­ra­ri” we “Al­fa Ro­meo” kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýän “Pi­nin­fa­ri­na” bi­len şert­na­ma bag­laş­dy. Olar 20 gör­nüş­li ulag taý­ýar­lap, haý­sy­lary­nyň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­ly­dy­gy­ny halk­dan so­ra­dy­lar. 62 müň ada­myň ses ber­me­gin­de iki mo­del saý­lan­dy. Saý­la­nan se­dan we SUV mo­del­le­ri­niň köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak üçin ýur­duň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Haý­fon şä­he­rin­de des­ga gu­rul­ýar. Şe­re­ke­tiň ýol­baş­çy­la­ry ula­gyň önüm­çi­li­ge taý­ýar edi­len­di­gi­ni aýd­ýar­lar. In­di­ki ýy­lyň sent­ýab­ryn­da ön­dü­ri­lip baş­lan­jak ula­gyň da­şa­ry ýurt­la­ra hem eks­port edil­me­gi mak­sat edi­nil­ýär.