Russiýanyň Kubinka şäherinde geçirilen “International Military Technical Forum 2018” sergisinde “IZH-21252 Kombi” ulagyň täze elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşi tanyşdyryldy. “Moskwiçiň” modifikasiýa edilen bu görnüşi 1973-nji ýyldan 1997-nji ýyla çenli öndürilipdi. Giňligi bilen tapawutlanan köp maksatly “Kombi” ulaglarynyň kuwwaty 70 at güýjüne barabar bolup, 1,5 litr göwrümli hereketlendirijisi bar. Täze “CV-1” atly elektrokaryň kuwwaty bolsa, 300 at güýjüne barabar. Onuň sagatda 100 km tizlige ýetmegi üçin 6 sekunt ýeterlik. Bir gezekki zarýady bilen 355 kilometr ýol geçýär. Öň tarapyndaky alty sany LED çyrany hasaba almasaň, ulagyň daşky şekiliniň “Kombiden” tapawudy ýok. Zarýad bermäge niýetlenen nokady hem yzda ortada goýlupdyr. Kompaniýanyň ýolbaşçylary häzirlikçe nusgalyk görnüşi görkezilen ulagyň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýjakdyklaryny, ulagyň “Tesla” ýaly iri elektrokar öndürijiler bilen bäsdeşlik etjekdigini belleýärler.