Hy­ta­ýyň mo­bil en­jam­la­ry­ny ön­dü­ri­ji “Xiao­mi” kom­pa­ni­ýa­sy go­laý­da ap­rel-iýun aý­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gi­ne de­giş­li mag­lu­mat­la­ry ýaý­rat­dy. Bu dö­wür­de 4,5 mil­liard dol­lar gir­de­ji, 2,1 mil­liard dol­lar aras­sa peý­da ga­za­nyp­dyr. Ikin­ji çär­ýek­de kom­pa­ni­ýa müş­de­ri­le­ri­ne 32 mil­li­on smart­fon ibe­rip­dir. Kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­le­ri­niň üç­den iki bö­le­gi­ni el te­le­fon­la­ryn­dan al­nan gir­de­ji­niň eme­le ge­tir­ýän­di­gi mä­lim edil­di. Hy­taý bren­di te­le­wi­zor, sport bi­le­zik­le­ri­ni we öý ho­ja­lyk en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si­niň 36 gö­te­ri­mi­ni hal­ka­ra ba­za­ryn­dan alyp­dyr. Hy­taý bren­di­niň dün­ýä ba­za­ryn­da­ky ösü­şi 151 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp­dyr. Glo­bal ba­za­ryn­dan al­nan gir­de­ji­sin­de Hin­dis­tan, In­do­ne­zi­ýa we Ýew­ro­pa ýurt­la­ry öň­de­li­gi eýe­le­ýär­ler. Kom­pa­ni­ýa­nyň naý­ba­şy mo­de­li “Pocop­ho­ne F1” smart­fo­ny­nyň onuň gir­de­ji­si­ni has hem ýo­kar­lan­dyr­jak­dy­gy çak­la­nyl­ýar. “Qualcomm Snapd­ra­gon 845” ama­ly ul­ga­myn­dan peý­da­lan­ýan 300 dol­lar­lyk bu en­jam öz bäs­deş­le­rin­den ar­zan bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Kom­pa­ni­ýa öz ha­ryt­la­ry­ny ösüp bar­ýan ýurt­la­ra-da ibe­rip baş­la­dy.