Çagalaryň iň söýgüli oýnawajyny öndürýän LEGO kompaniýasy 1 milliondan gowrak lego bölejiginden “Bugatti chiron” awtomobiliniň asyl nusgasyna meňzeş görnüşini ýasady. Öz ýörelgelerine laýyklykda hiç hili ýelim ulanylmadyk ulagy ýasamak üçin 13500 sagatlyk iş edilipdir. Dünýäniň iň ýokary tizlikli maşynlarynyň biri bolan 3 million dollarlyk ulagyň oýunjak görnüşi kompaniýanyň tehnikalaryň oýnawajyny öndürýän “LEGO Technic” bölüminiň hünärmenleri bilen bilelikde taýýarlanypdyr. Tutuşlygyna oýnawaç bölejiklerinden ýasalandygyna garamazdan, ony sürüp hem bolýar. Sagatda 29 km tizlik bilen hereket edýär (hakykysy 420 km/s bilen çäklendirilen). Çeh Respublikasynyň Kladno şäherindäki LEGO önümçilik desgasynda ýasalan hakykysy bilen deň bolan oýnawajyň kuwwaty 5,3 at güýjüne barabar. Bu desgada LEGOLAND çagalar dünýäsi seýilgähleri üçin oýunjaklar öndürilýär. Oýunjak ulagyň diňe hereketlendirijisi üçin 2304 lego bölejigi ulanylypdyr. Onuň agramy 1,5 tonna barabar. Lego ulagy çempion sürüjilerden Endi Wollas sürüp gördi. Ol – Meniň üçin ýatdan çykmajak tejribe boldy. Legodan ýasalan ulag sürerin diýip, ýatsam-tursam kelläme gelmändi – diýýär.
Dürli görnüşli zatlary ýasamaga niýetlenen LEGO-dan gämi, raketa we beýleki zatlaryň has uly görnüşleri ýasalýar.