1962-nji ýylda öndürilen we häzirki wagtda az sanlysy saklanyp galan “Ferrari 250 GTO” ulagy rekord bahadan satyldy. Kaliforniýada “RM Sotheby” auksion öýünde geçirilen söwdanyň bahasy 48,4 million dollara barabar boldy. Bu geleşik häzire çenli satylan iň gymmat awtoulag hökmünde hasaba alyndy. Ony “Microsoft” kompaniýasynyň ozalky ýolbaşçysy Greg Witten satdy. Bu ulagyň esasy kolleksiýaçylarynyň biri bolan Wittende ýene-de 12 “Ferrari” bar. Satylan sport awtoulagy 1962-nji ýylda Italiýada geçirilen awtoulag ýaryşynda ýeňiji bolýar. 1962-65-nji ýyllar aralygynda-da jemi 15 gezek pellehana birinji bolup gelýär. Bilermenler klassyk “Ferrari GTO”-laryň kompaniýanyň iň şowly çykan ýaryş awtoulagydygyny aýdýarlar. Olardan bary-ýogy 36 sanysy öndürilipdir. Olaryň ählisiniňem häzirki wagtda guratdygy aýdylýar. Mundan ozalky rekord “Ferrari 250 GTO Berlinetta” modeline degişlidi. Ol 2014-nji ýylda 38 million dollara satylypdy. Üçünji ýerde bolsa, 1957-nji ýylda öndürilen ýene bir “Ferrari” bar. Bu ulag 2016-njy ýylda Parižde geçirilen söwdalaşykda 35 million dollara satylypdy.