Hindi ummanyndaky tebigy gözellikleri bilen görenleri özüne bendi edýän Maldiw adalary ak çägesi, mawy deňzi, tropik howasy, şeýle hem deňiz derejesinden beýikde bolmadyk tekiz adalary bilen tanalýar. Şri-Lankanyň 750 kilometr günortasynda 1200 töweregi adadan ybarat bolan ýurduň merkezi şäheri Male dünýäniň iň kiçi paýtagty bolup, gür ilatly şäherleriň biri hasaplanýar. Ýurtda hemmesi diýen ýaly biri-birine meňzeş bolan adalaryň 281-sinde ilat ýaşaýar. Ýurduň kenarlary suwasty jandarlara-da baý. Kenardaky ak reňkli çäge deňiz jandarlarynyň galyndylaryndan emele gelipdir. Şol sebäpli onuň üstünde aşa yssy howada hem aýakýalaňaç gezip bolýar. Aslynda bu adalara suwasty daglaryň deňziň ýüzüne çykan çür depesi diýsek hem bolýar. Adalaryň iň beýigi suwdan 2,5 metr ýokarda. Howanyň ýylylygynyň üýtgeýändigine (28-32 dereje aralygynda) garamazdan, adalaryň kenaryndaky deňiz suwy ýylyň dowamynda 24 derejede saklanýar. Ýerli halkyň aglabasy irki döwürlerden bäri balykçylyk bilen meşgullanýar. Adalaryň arasyndaky gatnawlar içerki gatnawlary amala aşyrýan uçarlar, suwa gonýan kiçi howa gämileri we gaýyklar bilen amala aşyrylýar. Ýurduň halkara howa menzili paýtagt bilen adybir adanyň golaýyndaky Hulhule adasynda ýerleşýär. Bu ýerde ýerli gatnawlar üçin suw uçarlary üçin niýetlenen terminal bar. Käbir adada hiç hili awtoulag bolman, welosiped sürülýär. Şeýle hem ýerli ilat ýaşamaýan, diňe myhmanhana toplumy gurlan adalar hem bar. Ýurtda futbol we badminton iň köp meşgullanylýan sport görnüşleridir. Adalaryň kenarynda deňiz jandarlarynyň tas ählisi diýen ýaly ýaşaýar. Deňizde 700-den gowrak görnüşli balyk, leňňeç we suw guşlarynyňam birnäçesi ýaşaýar. Şeýle hem adada ganatyny açanynda 1,5 metre ýetýän miwe ýarganaty ýaşaýar. Agşam 21:00-dan soňra deňziň kenaryna barsaňyz, özüňizi başga bir dünýäde ýaly duýup bilersiňiz. Sebäbi kenara urýan tolkunlardaky deňiz planktonlar mawy yşyk saçyp, örän owadan görnüşi emele getirýär.