Döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň netijesinde, müşderileriň elektroulaglara isleginiň barha artmagy bilen olaryň bazardaky paýy has-da ýokarlanýar. Bu ugurda amerikan “Tesla” kompaniýasy bilen hytaýly brendler öňdeligi eýeleýär. Ygtybarly awtoulag öndürmekde öňdebaryjy nemes brendleri bolsa, bu babatda entek ýeterlik derejede ösüş gazanmadylar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän taslamalarda şeýle ulaglar üçin örän ähmiýetli bolan batareýa meselesinde hytaýly brendler bilen hyzmatdaşlyk etmeli bolýar. Bazardan ýeterlik derejede paý almak isleýän nemes brendleri bäsdeşlikden yza galmazlyk üçin hyzmatdaşlyk etmek kararyna geldiler. Bu ugra geljek üç ýylyň dowamynda 40 milliard ýewro sarp ediler. Munuň netijesinde öndüriljek ulaglar “Tesla”-nyň “Model S”, “SUV Model X” we “Model 3” modelleri bilen bäsleşer. Indiki ýyldan başlap, nemes önüm öndürijileri her aý täze bir elektroulagy satuwa çykarmagy maksat edinýärler. Şolaryň hatarynda “Mercedes” kompaniýasynyň golaýda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda köpçülige görkezilen EQC SUV ulagy indiki ýylyň tomsunda satuwa çykarylar. “Model S” doly zarýady bilen 417 km geçýän bolsa, EQC 400 km ýöreýär. BMW-niň “Inext” sedan elektrokary bolsa, 8-nji sentýabrda Mýunihde tanyşdyryldy. 2021-nji ýylda öndürilip başlanjak ulaga täze batareýa goýulmagy bilen 700 km ýol geçer. BMW bolsa, “Mini” modeliniň elektrik energiýasy bilen işleýän modelini 2019-njy ýylda satuwa çykarar. “Volkswagen” toparynyň kaşaň modelleri öndürýän “Audi” brendi şu aýyň 17-sine San-Fransiskoda “e-tron SUV” modelini tanyşdyrar. Kompaniýa golaýda ilkinji “e-tron” elektroulagyny ýola goýdy. Bir gezekki zarýady bilen 500 km geçýän bu ulag ýylyň ahyrynda 80 müň ýewrodan öz ata watanynda müşderilere ýetirilip başlanar.
Kompaniýanyň dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji SUV modeli üç ýyl ozal Frankfurtda geçirilen sergide tanyşdyrylypdy. Birnäçe ýyllap üstünde işlenen elektroulaglar kompaniýanyň Brýusseldäki zawodynda öndürilýär. Önümçilik desgasy 2016-njy ýyldan bäri elektroulag öndürmek üçin ýörite taýýarlandy. Bu ýerde elektroulaglar üçin batareýa önümçiligi hem ýola goýlar. Bäş orunly SUV bir gezekki zarýady bilen 400 km ýol geçer. “Audi” 2020-nji ýyla çenli dört gapyly “Gran Tourismo” we ýene bir elektroulagyň önümçiligini ýola goýar. Şeýle hem kompaniýa 2025-nji ýyla çenli 20 sany gibrid we elektroulag modelini satuwa çykarar.