Ast­ro­nom­lar kos­mo­syň çuň­luk­la­ryn­da yl­my göz­leg­le­ri­ni do­wam et­dir­ýär­ler. Go­laý­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň Bern uni­wer­si­te­ti­niň äle­mi öw­re­ni­ji­le­ri Ýer­den 40 ýag­ty­lyk ýy­ly uzak­da­ky ýyl­dyz ul­ga­myn­da­ky pla­ne­ta­la­ry öw­ren­di­ler. Ola­ryň ara­syn­da öz mas­sa­sy­nyň 5 gö­te­ri­mi suw­dan yba­rat pla­ne­ta­lar hem bar. Bu gör­ke­zi­ji Ýer­dä­ki­den 250 es­se köp su­wuň bar­dy­gy­ny aň­lad­ýar. TRAP­PIST-1 ýyl­dyz ul­ga­myn­da 7 pla­ne­ta bo­lup, ola­ryň kö­pü­si­niň üst­ki gat­la­gy­nyň ga­ýa­lar­dan yba­rat­dy­gy aý­dyl­ýar. “Space.com” saý­ty­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, Si­mon Grim­miň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän yl­my to­pa­ry 2016-njy ýyl­da açy­lan TRAP­PIST-1 ul­ga­myn­da­ky pla­ne­ta­la­ry il­kin­ji ge­zek jik­me-jik öw­re­nip­dir­ler. Bu ul­gam­da­ky üç pla­ne­ta TRAP­PIST te­les­ko­py ar­ka­ly ta­py­lyp­dy. Ge­çen ýyl NA­SA bu ul­gam­da 7 pla­ne­ta­nyň bar­dy­gy­ny we ola­ryň äh­li­si­niň hem jan­ly ýa­şaý­şyň ýü­ze çyk­ma­gy üçin ýyl­dyz­dan amat­ly uzak­lyk­da ýer­leş­ýän­di­gi­ni mä­lim edip­di.