Telefonlar bilen edilýän amallaryň köpüsini bitirýän “akylly” sagatlara isleg barha ýokarlanýar. Smartfonlar bilen sazlaşykly işleýän bu sagatlaryň onlarça görnüşi bar. Bu ugurda “Apple Watch”-lar öňdeligi eýeleýän hem bolsa, hytaýly brendler onuň yzyndan galmaýar. IDC şereketi şu ýylyň ikinji çärýeginde smartfon önümçiligi babatda maglumat ýaýratdy. Onda sagatlara islegiň görnetin ýokarlanandygyny görmek bolýar. Degişli döwürde 27,9 million sagat müşderilere iberilipdir. Bu görkeziji bazaryň 17 göteriminiň “Apple”-e degişlidigini görkezýär. Üç aýyň dowamynda amerikan kompaniýasy 4,7 million sagady müşderilere iberipdir. Sanawda öňdeligi eýeleýän “Apple” golaýda ýene bir sagadyny tanyşdyrmakçy. Täze goşar sagadynyň tegelek däl-de, aýlawly dörtburçluk şekilli boljakdygy aýdylýar. Gündelik hereketleriň barada maglumat berjek bu enjamda has köp programma işlär. Sanawda Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy ikinji basgançagy eýeläp, 4,2 million sagat öndüripdir. Şeýlelikde, bazaryň 15,1 göterimini eýeläpdir. Mobil enjamlaryny öndüriji hytaý brendi has arzan enjamlary öndürmegi bilen tapawutlanýar. Sanawyň mundan soňky basgançagyndakylar örän yzda barýar. “Akylly” sagat önümçiligi bilen meşgullanýan “Fitbit” 2,7 million sagat öndürip, bazaryň 9,5 göterimini eýeläpdir. “Huawei” 1,8 million sagady müşderilerine iberip, 6,5 göterim paý alypdyr. Bäşinji ýerdäki “Garmin” 1,5 million sagat öndürip, bu görkeziji degişli döwürde öndürilen sagatlaryň 5,3 %-ini emele getiripdir.