Senegalyň paýtagty Dakaryň 30 km golaýynda gurulýan Diamniadio atly şäher Afrikanyň iň ösen şäheri bolar. Ýurduň ýolbaşçylary ilaty 3 milliondan geçen paýtagtda ýol dyknyşygyny azaltmak üçin alternatiw şäher gurmagyň aladasyny edýärler. 2013-nji ýylda meýilnamasy taýýarlanan döwrebap şäheriň taslamasy üçin jemi 2 milliard dollar sarp ediler. 2035-nji ýyla çenli tamamlanjak şäheriň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. 16 inedördül kilometr meýdany eýeleýän ýaşaýyş toplumynyň 350 müň ilaty bolar. Şeýle hem 30 müň talyby kabul edip biljek ýokary okuw mekdebi gurlar. Şäheriň içinde giň seýilgäh, güýmenje merkezleri we beýleki ýaşaýyş üçin ähli amatlyklar dörediler. Ýaşaýyş jaýlary amatlylygy we bahasy babatda üç topara bölüner. Taslama diňe bir paýtagtdaky ýol dyknyşygyny azaltmak üçin däl, eýsem, ykdysadyýeti has ýokary depginler bilen ösdürmäge hem ýardam eder. Şäherde ýaşamak, işlemek, okamak we dynç almak üçin ähli ýeňillikler dörediler. Şol sebäpli gatnaw ulgamyna aýratyn üns berler. Bu ýerdäki desgalarda ýurduň baý taryhy we medeniýeti hem şöhlelendiriler. Senegal her ýylda ortaça 6 % ösüş gazanýar.