Ýew­ro­pa­da al­nyp ba­ryl­ýan yl­my açyş­lar­da top­la­nan mag­lu­mat­la­ryň hem­me­le­re el­ýe­ter­li bol­ma­gy üçin tä­ze düz­gün gi­ri­zil­di. Döw­let ta­ra­pyn­dan ma­li­ýe­leş­di­ril­ýän yl­my iş­le­riň ne­ti­je­le­rin­den äh­li adam­la­ra peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­di­ler. Ýew­ro­pa­da­ky yl­my bar­lag­la­ry ma­li­ýe­leş­dir­ýän 11 gu­ra­ma­nyň ge­len ne­ti­je­si­ne gö­rä, 2020-nji ýyl­dan baş­lap şeý­le düz­gün güý­je gi­ri­zi­ler. Bu gu­ra­ma­lar “cOA­li­ti­on S” at­ly şe­re­ket dö­re­tdi. “cOA­li­ti­on S”-e ag­za bo­lan­la­ryň ara­syn­da Bir­le­şen Pa­ty­şa­lyk Bar­lag we in­no­wa­si­ýa, Fran­suz mil­li bar­lag agent­li­gi we Gol­lan­di­ýa Yl­my bar­lag gu­ra­ma­sy bar. 11 ag­za­nyň äh­li­si her ýyl yl­my bar­lag­la­ra 7,6 mil­liard ýew­ro sarp ed­ýär.
Hü­när­men­ler öz açyş­la­ry­ny, yl­my bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri­ni oky­jy­la­ra tö­leg­li ýe­ti­ril­ýän “Na­tu­re” we “Science” ýa­ly žur­nal­lar­da çap et­di­ren­le­ri­ni kem gö­re­nok­lar. Se­bä­bi olar has ab­raý­ly ha­sap­lan­ýar. Şeý­le ne­şir­ler­dä­ki yl­my ma­ka­la­lar bir­nä­çe wagt ge­çen­den soň­ra beý­le­ki oky­jy­lar üçin el­ýe­ter­li edil­ýär. Hü­när­men­ler mag­lu­mat­la­ryň el­ýe­ter­li bol­ma­gy­nyň ylym-bi­li­me uly go­şant goş­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Se­bä­bi ta­lyp­lar we mek­dep okuw­çy­la­ry mek­dep­de geç­ýän sa­pa­gyn­da­ky açy­şy tö­leg­siz ýag­daý­da öw­re­nip bil­ýär. Bu ýag­daý şol ugur­dan iş alyp bar­ýan ýaş hü­när­men­ler üçin hem gol­lan­ma bo­lup hyz­mat ed­ýär.