BMW kompaniýasy mart aýynda döredilmeginiň 100 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläpdi. Bu şanly sene mynasybetli çäreler ýylyň ahyryna çenli dowam eder. Kompaniýa 30 ýyl mundan ozal öndürilen sport ulagy “Jahre M3”-iň ýörite nusgasyny çykardy. 444 at güýjüne barabar kuwwaty bolan ulagdan jemi 500 sanysy öndüriler. Hereketlendirijisiniň göwrümi 3 litr bolan ulagyň tigirleri 20 dýuýmlyk. Gök reňkli “30 Jahre M3”-iň haçan satuwa çykaryljakdygy we bahasynyň näçe boljakdygy häzirlikçe mälim edilmedi.