Fiziki hereketiň diňe bir beden saglygyny däl-de, eýsem şol birwagtyň özünde öwrenmek ukybyny hem ösdürýändigi ylmy işleriň netijesinde birnäçe gezek subut edildi. Mysal üçin, 2010-njy ýylda kanadaly alymlar Donald H. Peterson we Darren Warburton geçirilen 66 ylmy barlag işini jemläp, olaryň ählisinde hem sport bilen öwrenmek ukybynyň arasynda baglanyşygyň bardygyny ýüze çykarypdyr. Oňa laýyklykda ylmy barlaglaryň 71 %-iniň netijesine görä, gysga wagtlyk hem bolsa, yzygiderli maşk etmegiň öwrenmek ukybyny artdyrýandygy bellenilýär. 2013-nji ýylda “Neuroscience and Biobehavioral Reviews” žurnalynda neşir edilen we 50 ylmy barlag işiniň seljermesine görä, ýöremek, ylgamak, ýüzmek, welosiped sürmek ýaly hereketleriň ýatkeşligi ösdürýändigi aýdylýar. Mississippi uniwersitetiniň hünärmenleriniň golaýda “Psychological Reports” žurnalynda neşir edilen makalasynda täze zat öwrenilmeginiň öň ýany edilen maşkyň ýatkeşligi artdyrýandygy aýdylýar.