Internet tehnologiýasynyň ösen döwründe aragatnaşygyň bu kämil usuly arkaly ýaýradylýan maglumatlary saklamak hem uly mesele bolmagynda galýar. Syn eden bolsaňyz kompýuteriňizde kiçijik perli sowadyjy bardyr. Sebäbi maglumaty saklamak, onuň ondan-oňa akdyrylmagy netijesinde ýylylyk ýüze çykýar. Şol sebäpli onuň saklanýan gurluşyny yzygiderli sowatmaly bolýar. Eýsem, millionlarça terebaýtlyk maglumat nirede saklanýarka?! Maglumat merkezleri köp ýer tutýandygy we sowadylmaly bolýandygy üçin sowuk we uzak ýerlerde gurulýar. Mysal üçin, Newada ştatynda gurlan maglumat merkezi 7,2 million m2 meýdany tutýar. Emma soňky tehnologiýa bilen gurlan maglumat merkezleri has kiçi ýer tutýar we ilatly nokatlarda gurlup bilinýär. Bu ýagdaý maglumatyň ulanyjylara ýetirilmeli wagtyny azaldýar. Onuň ýene bir peýdaly tarapy ýüze çykdy. 2016-njy ýylda dünýädäki maglumat merkezleri Angliýadakydan has köp energiýa sarp edipdir. Norwegiýanyň Liseparken atly täze ýaşaýyş toplumynda guruljak maglumat merkezi perli sowadyjylar däl-de, ýylylygynyň ýyladyjy ulgama akdyrylmagy arkaly sowadylar. Maglumat merkezi bilen ýaşaýyş jaýlarynyň arasynda guruljak bitewi ulgamyň içinden suwuklyk yzygiderli akdyrylar. Bu hereket maglumat merkezini sowatsa, ýaşaýyş jaýlaryny ýyladar. Aslynda, şuňa meňzeş taslamany “Microsoft” kompaniýasy 2016-njy ýylda durmuşa geçiripdi.
Liseparkendäki 600 müň inedördül metrlik iş ýerleri bolan ýaşaýyş toplumynyň merkezindäki desgany energiýa şereketleri bilelikde gurar. Bu ýer Gün we beýleki arassa çeşmelerden alnan energiýa bilen üpjün ediler. Şeýlelikde, aşa köp energiýa talap edýän maglumat merkezi hem arassa energiýa serişdelerinden peýdalanar, hem-de içindäki ýylylygy ýaşaýyş jaýlaryna satyp, girdeji gazanar. Taslamanyň çäklerinde bu ýere işlemäge geljek adamlar üçin üç müňden gowrak täze ýaşaýyş jaýy gurlar.
Şu ýylyň ahyrynda synagdan geçirilip başlanjak taslama 2021-nji ýylda doly taýýar bolar.