Kuwwatly awtoulaglary öndürýän “Porsche” dizel hereketlendirijili ulaglary öndürmegi ýatyran ilkinji nemes brendi boldy. Kompaniýanyň ýaýradan beýanatynda, mundan bu ýana dizel hereketlendirijili ulaglaryň öndürilmejekdigi mälim edildi. Aslynda “Porsche”-niň ýolbaşçysy 2017-nji ýylda ýaýradan beýanatynda 2020-nji ýyldan başlap dizel hereketlendiriji önümçiligini ýatyrjakdygyny aýdypdy. Şu ýylyň fewralyndan bäri dizel motorly ulag öndürmegi bes eden brend bu kararyny has ir durmuşa geçirdi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Oliwer Blum dizel tehnologiýasyndan nägile däldiklerini, emma oňa islegiň azalandygy sebäpli şeýle netijä gelendiklerini aýdýar. Dizel hereketlendirijili ulaglar “Porsche”-niň global satuwynyň 12 göterimini emele getirýärdi. Indi bolsa, onuň deregine gibrid ulaglaryň önümçiligi artdyrylýar. Ýewropada satylan “Panamera” sedan modeliniň 63 göterimini gibrid hereketlendirijili ulaglar emele getiripdir. “Toyota” we beýleki öndürijileriň hem dizelden uzaklaşýan şu döwründe täze tehnologiýa kybap gelýän önümçiligi ýola goýmagyň “Porsche” üçin hem maliýe kynçylygyny döretmejekdigi bellenilýär. Bu ýagdaýa ozaldan taýýarlyk görýän kompaniýa 2010-njy ýyldan bäri gibrid ulaglary işläp taýýarlaýar we onuň satuwyndan gowy netije alýar. 2025-nji ýyla çenli kompaniýanyň ulaglarynyň ýarynda elektrik energiýaly hereketlendirijiler bolar.