“SolarImpact Yacht AG” atly şereketiň işläp düzen täze ýahtasy hiç hili ýangyç ulanmazdan hereket edip bilýär. Gün energiýasynyň we beýleki arassa energiýa çeşmeleriniň ulanylmagynyň has hem artýan şu döwründe bu ugurda täze taslamalar durmuşa geçirilýär. Şweýsar kompaniýasynyň “SolarImpact Yacht” atly gämisi daşky görnüşi babatda hem ünsi özüne çekýär. 5 ýylda işläp düzülen ýahtada bir tennis meýdançasynyň ululygyndaky (300 m2) meýdan Gün panelleri bilen örtülipdir. 24 metrlik suw ulagy 10 ýolagça niýetlenipdir. Ol emeli aň tehnologiýasy bilen hem üpjün edilipdir. Ýahtanyň hereketine suw tolkunlary hem adatdakydan 90% az täsir edýär. Häzirlikçe onuň satuwa çykaryljak wagty we bahasy mälim edilmedi.