Adam­lar her gün di­ýen şol bir ada­ty zat­la­ry ulan­ýar­lar. Ola­ryň kä­bir­le­ri­ni ulan­mak­ly­ga se­re­sap­ly çe­me­leş­ýär­ler, kä­bir­le­ri­ni bol­sa bir ge­zek ulan­ýar­lar-da, zy­ňyp goý­ber­ýär­ler. Dur­muş­da ula­nyl­ýan zat­la­ryň bi­ri-de ýe­lim­dir. Ha­ky­kat­dan-da, ýe­li­mi adam­lar ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri ula­nyp gel­ýär­ler. Ýe­lim bi­ziň era­myz­dan 9,5 müň ýyl mun­dan ozal neo­lit döw­rün­den bä­ri bar. Onuň il­kin­ji gör­nüş­le­ri gaý­na­dy­lan çig­mal­lar­dan ýa­sa­lyp­dyr. Çar­wa­lar we aw­çy­lar ýe­li­mi gaý­na­dy­lan süňk­ler­den we da­mar­lar­dan alyp­dyr­lar. Şeý­le hem ba­ly­gyň teň­ňe­le­rin­den we ösüm­lik­ler­den hem ýe­lim taý­ýar­la­nyp­dyr. Ýe­lim di­ňe bir be­zeg iş­le­rin­de we ho­ja­lyk iş­le­rin­de ula­nyl­man, eý­sem, gur­lu­şyk iş­le­rin­de hem ula­ny­lyp­dyr.