Awst­ra­li­ýa­nyň Mak­kuo­ri uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri­niň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, aku­la­la­ryň her­ biri­niň baş­ga­ça hä­si­ýe­ti­niň bar­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Il­kin­ji no­bat­da, Awst­ra­li­ýa ada­ty aku­la­sy­ (“Port Jackson shark”) yl­my taý­dan bar­la­nyl­dy. Uni­we­rsi­te­tiň Bio­lo­gi­ýa bi­lim­le­ri bö­lü­mi­niň hü­när­men­le­ri öw­re­niş­me­dik ýe­rin­de sak­la­nan her aku­la­nyň baş­ga­ça he­re­ket eden­di­gi­ni anyk­la­dy­lar. Yl­my to­pa­ryň ag­za­sy Ewan Bir­nes bir­meň­zeş ýag­daý­da adam­la­ryň şol bir he­re­ke­ti gaý­ta­la­ýan­dy­gy­ny, bu ýag­da­ýyň di­ňe adam­la­ra mah­sus däl­di­gi­niň anyk­la­nan­dy­gy­ny aýt­dy. Ol soň­ky on ýyl­da bu ugur­da 200 yl­my bar­la­gyň ge­çi­ri­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Yl­my bar­la­gyň çäk­le­rin­de suw jan­da­ry­nyň ba­tyr­gaý­ly­gy­nyň bir-bi­ri­niň­ki­den baş­ga­ça­dy­gy anyk­lan­dy. Aku­la­la­ryň sy­nag­dan ge­çi­ril­mek üçin sak­lan­ýan ka­pa­sa­syn­dan nä­çe wagt­da gaç­ma­ga sy­na­ny­şan­dy­gy, goý­be­ri­len­den soň­ra nä­çe wagt­dan soň­ra öň­ki dur­mu­şy­na öw­re­ni­şen­di­gi hem sel­je­ril­di. Yl­my bar­la­gyň ne­ti­je­si­ne gö­rä, aku­la­la­ryň çak­la­ny­ly­şyn­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, “oý­la­ny­şyk­syz” he­re­ket et­me­ýän­dik­le­ri bel­li bol­dy.