Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy uly üstünliklere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde, gyzyklanma bildirýän ýurtlar, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeň ýagdaýda ösdürilýär. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň strategik ugry bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň ösüş we parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan halkara başlangyçlary Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özenini düzýär. Milli Liderimiziň dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň höküm sürmegi ugrundaky tagallalary hem-de başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginde, hususan-da BMG-ä agza ýurtlar tarapyndan hemişe gyzgyn goldawa eýe bolýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň ençeme gezek, şol sanda 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji mejlislerinde wise-başlyklygyna saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna Aşgabatda açylan we köp ýyllardan bäri üstünlikli iş alyp barýan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi hem saldamly goşant goşýar. 2017-nji ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama kabul edildi. Bu şanly waka Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň umumadamzat ähmiýetine eýedigini ýene-de bir gezek tassyklady.
Milli Liderimiziň BMG-niň belent münberinden öňe sürýän başlangyçlary ösüş we parahatçylyga gönükdirilendir. Bu hem dünýäniň abraýly halkara guramasynyň alyp barýan işleri bilen utgaşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz bu gezek hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşyp, täze başlangyçlary öňe sürdi. Gahryman Arkadagymyzyň ählumumy howplara garşy göreşmek, suw we energiýa çeşmelerinden rejeli peýdalanmak, Aral deňziniň halas edilmegi, Hazar deňzinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, Owganystana hemmetaraplaýyn ykdysady goldaw bermek ýaly ugurlarda öňe süren başlangyçlary dünýä bileleşiginiň gyzgyn goldawyna eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýyly “Parahatçylyk we Abadançylyk” şygary astynda geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu ugurda milli Liderimiz tutuş dünýädäki dartgynlyklaryň peseldilmegi, jedelli meseleleriň çözülmegi we bularyň baryny amala aşyrmakda syýasy-diplomatik usullardan peýdalanmagyň möhümdigini belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiz Aral deňziniň halas etmek babatdaky başlangyjy bilen bu meseläniň içerki ýa-da sebit meselesi bolmakdan çykyp, tutuş dünýäni gyzyklandyrýan esasy meseleleriň birine öwrülendigini belläp, BMG-ä agza ýurtlary Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülmäge girişiljek BMG-niň Ýörite Maksatnamasyna işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz Araly halas etmegiň Halkara Gaznasyna başlyklyk edýär. Golaýda bu gaznany esaslandyryjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammiti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi. Şol sammitde Aral sebitinde durmuş ýagdaýynyň gowulandyrylmagy ugrunda tagallalaryň birleşdirilmegi babatda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary kesgitlendi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” hakynda Kararnama kabul edildi.
Milli Liderimiz öz çykyşynda Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri barada belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekendiklerini ýatlap, Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen bilelikde Hazar deňzi boýunça ykdysady we täjirçilik taslamalaryny durmuşa geçirmäge taýýardygyny mälim etdi. Bu ugurdaky taslamalara goýuljak maýa goýumlaryň, geljek üçin goýuljak maýa goýumlar boljakdygyny belledi.
Umuman, milli Liderimiziň BMG-niň baş münberinden öňe süren başlangyçlary täze döwürde tutuş dünýäde ösüşiň hem-de parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlar bolup durýar. Türkmen döwleti hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda okgunly ösüşe eýe bolup, halkara bileleşiginiň möhüm işlerine işjeň goşulyp, halkara arenasyndaky abraýyny has-da belende göterýär. Ýurdumyzy täze ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza döwlet işlerinde täze-täze üstünlikleri arzuw edýäris!
Tawus GOÇMYRADOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.