Hy­ta­ýyň “Gee­ly” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň eýe­çi­li­gin­dä­ki “Ter­ra­fu­gia” tä­ze iş­läp dü­zen uç­ýan aw­tou­la­gy­ny go­laý­da sa­tu­wa çy­kar­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Uç­ýan aw­tou­lag­lar bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri iş­le­nip dü­zül­ýär. Ola­ryň gün­de­lik dur­muş­da ula­nyl­ma­gy ba­ra­da dün­ýä ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da en­tek bel­li bir umumy kada ýok hem bol­sa, şu aý­da şeý­le ulag­la­ryň sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Ulag, il­kin­ji no­bat­da, di­ňe ame­ri­kan ba­za­ryn­da sa­ty­lar. Onuň ba­ha­sy­nyň nä­çe bol­jak­dy­gy en­tek mä­lim edil­me­di. Sa­gat­da 322 km tiz­lik bi­len he­re­ket edip bil­ýän ulagyň uçup bil­ýän iň uzak ara­ly­gy 805 km. Sa­tu­wa çy­ka­ry­lan il­kin­ji uç­ýan aw­tou­lag bol­jak “Ter­ra­fu­gia” mun­dan ozal ep­len­ýän ga­nat­ly, dört ti­gir­li, iki orun­lyk mo­de­li­ köp­çü­li­ge gör­ke­zip­di. Mer­ke­zi Mas­sa­çu­sets­de ýer­leş­ýän “Ter­ra­fu­gia” şeý­le ula­gy il­kin­ji bo­lup sy­nag­dan ge­çi­ren şe­re­ket­le­riň bi­ri­dir. Ulag ge­çen ýyl ýur­duň fe­de­ral awia­si­ýa eda­ra­syn­dan (FAA) de­giş­li tas­syk­na­ma alyp­dy. Hy­ta­ýyň “Gee­ly” kom­pa­ni­ýa­sy 2010-njy ýyl­da “Volvo” şwed şe­re­ke­ti­ni hem sa­tyn alyp­dy. Uç­ýan aw­tou­lag­la­ry kä­mil­leş­dir­mä­ge şwed şe­re­ke­ti­niň go­şu­lyp go­şul­ma­jak­dy­gy hä­zir­lik­çe mä­lim edil­me­di.