“Siemens” kompaniýasynyň öndüren dünýäniň ilkinji maşinistsiz tramwaýy Germaniýanyň Potsdam şäherinde hereket edip başlady. Nemes kompaniýasynyň inženerlerinden, matematiklerinden, fiziklerinden ybarat 50 hünärmeniň işläp düzen tramwaýy radar, lidar we kamera sensorlary bilen enjamlaşdyrylan. Jemgyýetçilik ulagy bu tehnologiýalar arkaly demir ýolda we onuň töwereginde bolup geçýän zatlara “esewan bolýar”. Ýoluň üstünde haýsydyr bir päsgelçiligiň bardygyny görse, öz-özünden durup, onuň ýoldan sowulmagyna garaşýar. Özbaşdak hereket edip bilýän hem bolsa, ýüze çykyp biljek haýsydyr bir päsgelçilik göz öňünde tutulyp, oňa bir sürüji gözegçilik edýär. Tramwaýy işläp taýýarlanlar entek täze harydyň söwda maksatly satylyp bolmajakdygyny, emma awtonom sürüş babatda esasy sepgitleriň biriniň geçilendigine ünsi çekýärler. Häzirki wagtda 6 km-lik aralykda synag sürüşi amala aşyrylýan ulag ýoluň uly böleginde hakyky ýol hereketiniň içinden geçmeli bolýar. Onuň öňünden welosiped sürüjileri, pyýadalar we awtoulaglar kesip geçýär. Ulag synag maksatly öňüni kesip geçen çaga arabasyny “gören” badyna saklandy. Araba ýoldan aýrylandan soňra kabinadaky sürüji ulagyň hereketini gaýtadan ýola goýdy.
Jemgyýetçilik ulagy hökmünde tramwaýlardan has köp peýdalanylýan Potsdam şäherinde bu ugurda zähmet çekýän adamlar az däl. Şäheriň tramwaý edarasynyň ýolbaşçylary sürüjisiz ulaglaryň işe girizilmegi bilen maşinistlere başga işleriň beriljekdigini belleýärler.